Portugaliýada 1-nji iýuldan bir gezeklik plastik önümleri gadagan edilýär

  • 20.06.2021 19:42
  • 10k+

1-nji iýuldan Portugaliýada daşky gurşawy hapalaýan we deňiz ýaşaýjylaryna uly zyýan ýetirýän bir gezeklik plastik önümleriniň satuwy gadagan edilýär.

Day.Az-yň habar bermegine görä, Portugaliýanyň kompaniýalary supermarketleriň tekjelerinden daşky gurşawa uly zyýan ýetirýän tabaklary, naharhana enjamlaryny, içgi sypaljyklaryny, içgiler we iýmit önümleri üçin penopolistiroldan taýýarlanan konteýnerleri aýyrmagy maksat edinýärler.
Mundan başga-da, 2024-nji ýyldan Portugaliýada ýanyň bilen alnyp gidilýän iýmitli plastik gap üçin täze salgyt giriziler. Takmynan, 40 ýewro sent möçberindäki salgyt bu önümleriň gymmatlamagyna getirer.
Şeýlelik bilen, Portugaliýa Ýewropa bileleşiginde tas iki ýyl mundan ozal tassyklanan, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli durmuşa geçirilmegi gijikdirilen bilelikdäki görkezmäni ulanýan ilkinji ýurtlaryň birine öwrülýär. Şeýle-de, suwly we beýleki içgili plastik çüýşelere garşy göreş başlanýar, sebäbi olar ýa-ha gaýtadan işlenmäge ýaramly bolmaly, ýa-da kompaniýalar alternatiwa gözlemeli bolarlar.
Bu çäreleriň täsiri diňe bir daşky gurşawyň hapalanmagyny azaltman, eýsem bu plastik önümlerini ýuwudýan kitleriň, delfinleriň we balyklaryň ölüm derejesini azaltmaga getirmeli.
ÝB-de plastik deňiz hapalarynyň 85 göterimini emele getirýär we diňe 30 göterimi gaýtadan işlemek üçin ýygnalýar. ÝB-niň ekologiki gözleglerine laýyklykda, eger 1950-nji ýylda tutuş dünýäde iki million tonna plastik öndürilen bolsa, 2015-nji ýylda bu görkeziji 380 milliona çenli ýokarlandy.
Netijede, habarlylygy ýokarlandyrmak daşky gurşawy goramak maksatlaryna ýetmek üçin esasy gurala öwrülýär.

şu gün 00:03
1.1k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
476

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
983

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......