Türkmenistan ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy çäreleri berkidýär

  • 19.06.2021 01:31
  • 38k+

Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň nobatdaky çäreleri geçiriler.

  • Daşary ýurtlardan gelýän raýatlar hökmany 21 gün karantin gözegçiliginde saklanar, soňra gözegçilik öý şertlerinde dowam etdiriler.
  • Ilatyň arasynda “Сovid-19” ýokanjyna garşy sanjymlar we daşary ýurtlardan “Сovid-19”  ýokanjyna garşy sanjymlary satyn almaklyk hökmany dowam etdiriler.
  • Serhet geçelgelerinde alnyp barylýan gözegçilik işleri has-da güýçlendiriler.
  • Ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan wagyz-nesihat işleri güýçli depginlerde hökmany dowam etdiriler.
  • Keselleriň öňüni almak üçin zerur bolan derman, sarp ediş, anyklaýyş we zyýansyzlandyryş serişdeleriniň ätiýaçlyk gory döredilip, olaryň üsti hökmany doldurylyp durlar.
  • Dünýä döwletlerindäki epidemiologiki ýagdaý yzygiderli seljerilip durlar hem-de bu ugurda dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk dowam etdiriler. 
  • “Сovid-19” ýokanjynyň öňüni almak boýunça saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda okuw sapaklaryny geçirmeklik dowam etdiriler. 
  • Ýurdumyzyň ähli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, eýeçiligiň görnüşini garamazdan ähli edara-kärhanalary Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek baradaky adatdan daşary toparynyň çözgütlerini gyşarnyksyz hökmany berjaý eder.
  • Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek baradaky adatdan daşary toparynyň çözgütleriniň ýerine ýetirilişi barada Türkmenistanyň Prezidentine yzygiderli hasabat berlip durlar.
  • Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ýurdumyzyň ähli ilaty üçin zerur bolan sanjymlary satyn almak üçin gerek bolan serişdeleri bölüp berer.
15.06.2026 12:32
5.6k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......