Ýewro-2020: Belgiýa we Niderlandlar pleý-off-da, Ukraina Demirgazyk Makedoniýany ýeňdi

Ýewro-2020: Belgiýa we Niderlandlar pleý-off-da, Ukraina Demirgazyk Makedoniýany ýeňdi

Ýewropa çempionatynyň — 2020-niň ikinji tapgyrynda Ukraina — Demirgazyk Makedoniýany (2:1), Belgiýa Daniýany (2:1), Niderlandlar Awstriýany (2:0) ýeňdi.

B toparyň duşuşygynda Daniýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Ýussuf Poulsen eýýäm ikinji minutda Belgiýanyň derwezesine gol geçirdi. Belgiýalylar diňe ikinji ýarymda oýna dolanmagy başardylar. Gollary Torgan Azar (54) we Kewin de Bruýn (69) tora girizdi. Şeýlelikde, belgiýalylar 6 utuk toplap, ýaryşyň indiki tapgyryna çykmagy başardylar.
C topardaky oýunda Ukraina Demirgazyk Makedoniýany 2:1 hasabynda ýeňdi.
Hasaby 29-njy minutda Andreý Ýarmolenko açdy we 5 minutdan Roman Ýaremçuk ukrainalylaryň artykmaçlygyny iki esse artdyrdy. Makedoniýalylar oýnuň 57-nji minudynda bir gol geçirmegi başardylar.
Niderlandlaryň Awstriýa bilen oýnunda 9-njy minutda berlen 11 metrlik jerime urgusyndan ilkinji pökgi tora girizildi. Memfis Depaý hasaby açdy - 1:0. Denzel Dýumfris 67-nji minutda ikinji pökgüsini tora girizdi. Hasap 2:0 bolup tamamlandy.
C topardaky oýunlaryň netijelerine görä, Niderlandlar 6 utuk toplap, Ýewro-2020-iň indiki tapgyryna çykmaklaryny kepillendirdiler. Ukraina üç utuk bilen ikinji orunda durýar.