“Quiet Place 2” pandemiýa döwründe iň köp girdeji gazanan film boldy

  • 16.06.2021 18:40
  • 9.3k+

"Ümsüm ýer" (“Quiet Place 2”) horror filminiň ikinji bölümi pandemiýanyň başyndan bäri kassa ýygymy boýunça rekordlaryň hemmesini yzda galdyrýar. Prokatyň iki hepdesinde ol ABŞ-nyň teatrlarynda 100 million dollardan gowrak girdeji toplap bildi. Bu barada infosmi.net habar berdi.

Filmiň bütin dünýädäki kassa ýygymy, takmynan, 200 million dollara ýetdi. Bu mukdar koronawirus pandemiýasy başlamazdan ozal beýle rekord hasaplanmaýardy, ýöne çäklendirmeleriň girizilmegi sebäpli juda köp zat üýtgedi.
Horror filminiň birinji bölümi 340 million dollar girdeji gazanmagy başardy. Şol bir wagtyň özünde, filmi düşürmek üçin bary-ýogy 17 million dollar sarp edildi. Filmiň dowamyny düşürenler şeýle üstünlikden soň filmiň býudjetini birinji bölüme garanyňda dört esse dagy köpeltmek kararyna geldiler.
Filmiň ikinji bölüminiň premýerasy 20-nji maýda geçirildi we ol eýýäm tomaşaçylar köpçüliginiň söýgüsini gazanmagy başardy.

düýn 23:58
1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
10k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

düýn 20:34
1k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

düýn 11:32
4.5k+

Finlýandiýada işsizlik XXI asyryň iň ýokary derejesine ýetdi

2026-njy ýylyň maý aýynda Finlýandiýada işsizleriň sany 376 müň adama ýetdi. Bu bolsa soňky 28 ýyldaky iň ýokary görkezijidir....