Hokkeý boýunça Dünýä çempionaty-2022-niň medallarynyň dizaýny belli boldy

Hokkeý boýunça Dünýä çempionaty-2022-niň medallarynyň dizaýny belli boldy

Halkara hokkeý federasiýasynyň (IIHF) web sahypasynda 2022-nji ýylda Finlýandiýada geçiriljek hokkeý boýunça Dünýä çempionatynyň medallarynyň dizaýny  tanyşdyryldy. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

Medallaryň dizaýnyny saýlamak boýunça bäsleşige Finlýandiýadan, Estoniýadan, Beýik Britaniýadan, Täze Zelandiýadan, Russiýadan, Belarusdan, Kanadadan, Slowakiýadan, Çehiýadan, Indoneziýadan we Italiýadan 70 eser hödürlendi. Netijede, finlýandiýaly dizaýner Pauli Maroneniň işi ýeňiji diýlip saýlandy. Aýdylmagyna görä, onuň işinde Tamperedäki täze arenanyň temasy bilen hokkeýçiniň keşbi ýokary derejede utgaşdyrylypdyr.

"Medalyň özboluşly dizaýny we sporta açyk salgylanmalar derrew ünsüňi özüne çekýär. Medalyň temasy dekabr aýynda tamamlanjak we Hokkeý boýunça Dünýä çempionatynyň esasy meýdançasyna öwrüljek Tampere stadiony bolup durýar" diýip, Halkara hokkeý federasiýasynyň beýannamasynda aýdylýar.
"Adaty tegelek medal görnüşiniň ýerine has üýtgeşik bir zat etmek isledim, şonuň üçin sekizburç şekil döretdim" -diýip, dizaýner Maroneniň özi gürrüň berýär.