Pekiniň howasy şu ýylyň maýynda rekord derejede gowulandy

  • 14.06.2021 22:34
  • 10k+

2013-nji ýylda işe girizilen hasapdan bäri, şu ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça Pekiniň howasynda deňeşdirme bölekleriniň PM2,5 konsentrasiýasynyň iň pes derejesi hasaba alyndy. Bu barada Hytaýyň Sinhua agentligine salgylanyp, azertag.az habar berýär.

Şäheriň Ekologiýa we daşky gurşaw müdirliginde berlen habara görä, amatly meteorologiki şertlerde Hytaýyň paýtagtynyň howasynyň ortaça PM2,5 konsentrasiýasy şu ýylyň maý aýynda kubmetrde 20 mikrograma deň boldy. Munuň özi sebitdäki 28 şäheriň arasynda iň gowy görkeziji hasaplanýar.
Şeýle hem geçen aýda Pekinde howany hapalaýjy beýleki birleşmeleriň, şol sanda sulfat dioksidiniň, PM10 we azot sulfatynyň iň pes derejelerine syn edildi. Maglumatlara görä, şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Pekinde PM2,5 konsentrasiýasy kubmetrde 46 mikrograma deň boldy. Bu konsentrasiýa we onuň 2,5 mikrogramdan az bolmagy adamlaryň saglygy üçin howpludyr.
Hytaý paýtagtynyň ýolbaşçylary tomus aýlarynda howanyň derejesini has-da gowulandyrmak babatda birnäçe öňüni alyş çärelerini kesgitledi. Hususan-da, täze energiýa çeşmeleri bilen işleýän awtomobilleri ulanmagy wagyz etmek, gurluşyk meýdançalarynda tozanyň möçberine gözegçiligi güýçlendirmek hem-de ozon gatlagynyň hapalanmagyna garşy göreşmek üçin zyňyndylaryň mukdaryny azaltmak göz öňünde tutulýar.


düýn 15:52
9.8k+

Pekinde ýeňil uçar iň beýik gökdirän binany baryp urdy

Ýeňil motorly sport uçary Pekiniň iň beýik binasy bolan China Zun (Çaýna-Szun) binasyna uruldy. Bu wakadan soň bina doly ewakuasiýa edildi diýip, «South China Morning Post» neşiri habar berýär....

düýn 11:02
1.7k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

18.06.2026 11:17
5.1k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....