Ýewro — 2020: Italiýa Türkiýäni ýeňdi. Şu güne üç oýun meýilleşdirilen

  • 12.06.2021 18:05
  • 10k+

Ýewropa çempionaty — 2020-niň açylyş oýnunda Türkiýäniň milli ýygyndysy Italiýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşdy. Oýun Rimdäki «Olimpiko» stadionynda geçip, italýanlaryň peýdasyna 3:0 hasabynda tamamlandy.

Duşuşygyň 53-nji minudynda türk goragçysy Merih Demiral topy öz toruna gönükdirdi. 66-njy minutda italýanlaryň artykmaçlygyny Spinassolanyň hüjüminden soň ilkinji bolup ýetişen Çiro Immobile artdyrdy. 79-njy minutda üçünji pökgini Lorenzo Insinýe tora girizdi.
Şeýlelik bilen, Italiýanyň milli ýygyndysy kontinental çempionatyň toparlaýyn tapgyrynda ilkinji üç utugy gazandy we A toparda birinji orunda ýerleşdi. Şu gün, 12-nji iýunda, bu topardan Uels bilen Şweýsariýa duşuşar. Şu gün şeýle hem Daniýanyň we Finlýandiýanyň, şeýle hem Belgiýanyň we Russiýanyň milli ýygyndy toparlarynyň duşuşyklary meýilleşdirilýär. Bu ýygyndylar B toparyny düzýär.
Ýewro-2020 geçen tomus geçirilmelidi. Emma koronawirus pandemiýasy sebäpli ýaryş 2021-nji ýyla yza süýşürildi. Duşuşyklar 11-nji iýundan 11-nji iýul aralygynda Ýewropanyň birnäçe şäherinde geçiriler.


düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.8k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......