Medeniýet hepdeligi mynasybetli Lebapda durmuş-medeni maksatly desgalar açylar

  • 12.06.2021 18:16
  • 13k+

22 — 27-nji iýun aralygynda Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine gabatlanyp, welaýatda durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň, şol sanda Kerki şäherinde howa menziliniň, Türkmenabatda «Türkmeniň ak öýi» binasynyň we Farap etrabynda «Çagalar dünýäsi» medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabaralaryny geçirmek meýilleşdirildi. Bu barada wise-premýer M.Mämmedowa döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hepdeligiň maksatnamasy dürli çäreleri, şol sanda maslahaty, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konsertlerini, çeper filmleriň ilkinji gezek görkezilişini hem-de ýurdumyzyň kino sungatynyň wekilleri bilen döredijilik duşuşygyny, welaýatyň taryhy-medeni ýadygärliklerine barlyp görülmegini özünde jemleýär. Medeniýet hepdeligine Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli mazmunly birnäçe çäreler guralar. Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda täze sahnalaşdyrylan “Gül — Bilbil” operasynyň ilkinji görkezilişi bolar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli maksatnamany hödürledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň özboluşly däp-dessurlarynyň, jebisliginiň we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik güýjüniň aýdyň beýan edilmegi üçin Medeniýet hepdeliginiň, täze durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralarynyň geçirilmeginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

şu gün 13:21
340

«Forsažyň» ýyldyzy Win Dizel robot-boksçylar baradaky filmiň ssenarisini ýazar we oňa gatnaşar

«Forsaž» franşizasy boýunça belli bolan aktýor Win Dizel Mattel kompaniýasynyň boksçy robotlar baradaky taslamasynyň ssenariçisi we prodýuseri bolup çykyş eder, şol bir wagtyň özünde-de baş keşbi ýerine ýetirer...

şu gün 13:19
572

ABŞ-nyň Milli kinotankytçylar geňeşi ýylyň iň gowy filmlerini saýlady

ABŞ-nyň Milli kinotankytçylar geňeşi (National Board of Review) «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmini soňlap barýan 2025-nji ýylyň iň gowy filmi diýip atlandyrdy. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär...

şu gün 12:00
652

ILPOTY 2025: Emin agzalary halkara peýzaž fotosurat bäsleşiginiň ýeňijilerini saýladylar

"Ýylyň halkara peýzaž suratçysy" (International Landscape Photographer of the Year, ILPOTY) halkara bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Emin agzalary dünýäniň dürli künjeklerinden gatnaşyjylaryň iberen 3600 suratynyň arasyndan iň gowularyny saýladylar...

şu gün 11:33
907

Netflix 82,7 mlrd dollara Warner Bros.-y we “Garri Potter”, “Tagtlaryň oýny” we DC franşizalary üçin hukuk satyn alýar

Netflix akym platformasy 82,7 mlrd dollara Warner Bros. Discovery kompaniýasyny satyn almak barada ylalaşygyň gazanylandygyny habar berdi. Şertnama tamamlanandan soň, platforma Warner Bros. kinostudiýasyna, HBO we HBO Max kanallaryna, şeýle-de filmleriň we seriallaryň giň toplumyna eýe bolar...