Abu-Dabiniň Ösüş Gaznasy Türkmenistandaky taslamalara $99,91 mln maýa goýýar

  • 10.06.2021 23:59
  • 29k+

Türkmenistanyň wekiliýetiniň 2021-nji ýylyň 9 — 11-nji iýuny aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi we Dubaý şäherlerine gulluk iş saparynyň çäginde 10-njy iýunda Abu-Dabiniň Ösüş Gaznasy bilen Türkmenistanyň arasynda iki ylalaşyga gol çekildi. Resminamalara laýyklykda, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde howa menziliniň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin takmynan 75 million dollar, 10 megawatt kuwwatyndaky gidrid elektrik bekediniň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin 25 million amerikan dollaryna barabar maýa goýumlar özleşdiriler. Bu barada ORIENT habar berýär.

Bu ylalaşyklara Abu-Dabiniň Ösüş Gaznasynyň baş direktory Muhammad Saif As-Suwaýdi bilen Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahimberdi Jepbarow gol çekdi. Bu gol çekişlik dabarasyna BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Muhammad Faraj Faris Al Mazruý hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow we beýleki resmi adamlar gatnaşdy.
Iki şertnama Türkmenistanda infrastrukturany ösdürmäge we ýurtda ykdysady ösüşe, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we durnukly ösüşe goşant goşjak taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.


şu gün 19:44
194

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

düýn 18:57
1.4k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....