Sotheby’s auksionynda dünýädäki iň gymmat marka satyldy

  • 10.06.2021 21:55
  • 6.8k+

Dünýäniň iň gadymy filatelistik dileri bolan Stanley Gibbons iňlis kompaniýasy Sotheby’s auksionynda şu wagta çenli satylanlardan iň gymmat bolan “Britan Gwianasy” markasyny 8,3 mln dollara satyn aldy. Firmanyň ýaýradylan beýannamasynda aýdylyşyna görä, bir sent bahaly marka Londonyň merkezinde Strend köçesindäki Stanley Gibbons flagman dükanynda görkeziler. Bu barada www.sb.by habar berýär.

Gyzylda gara reňk bilen çap edilen sekizburçly “Britan Gwianasynda” deşikler ýok. Markanyň merkezinde ýokarsynda latyn dilinde koloniýanyň şygary – Damus Petimus Que Vicissim (“Berýäris we alarys diýip umyt edýäris”) – ýerleşdirilen üç bogaldakly gäminiň şekili bar. 
“Filateliýanyň şa gyzy” resmi däl ady bilen belli bolan “Britan Gwianasy” Beýik Britaniýanyň bu koloniýasy Londondan wada berlen marka toplumyny almadyk mahaly, 1856-njy ýylda çap edilen markalaryň seriýasyna girdi. Ýerli poçta müdiri dürli gymmaty bolan üç marka seriýasyny çykarýar. Bir sent bahaly iň arzan seriýadan häzir Stanley Gibbons tarapyndan satyn alnan diňe bir marka saklanyp galdy.
Bu marka 2014-nji ýylda Nýu-Ýorkda Sotheby’s tarapyndan gurnalan auksionda millioner Jon Dýuponyň baýlygyny satmagyň çäginde dünýäde iň gymmat marka boldy. Ýedi ýyl mundan ozal amerikan aýakgap dizaýneri we işewür Stýuart Waýsman onuň üçin 9,5 mln dollar töledi.

şu gün 00:03
1.1k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
476

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
983

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......