Формула-1: Гран-при Азербайджана выиграл пилот “Red Bull Racing Honda” Серхио Перес

  • 08.06.2021 21:47
  • 2.8k+

Bakuwda geçirilen Azerbaýjanyň «Formula-1» gran-pri ýaryşy 6-njy iýunda «Red Bull Racing Honda» toparynyň meksikan sürüjisi Serhio Peresiň ýeňşi bilen tamamlandy. Bu barada azertag.az habar berýär.

Habar berlişi ýaly, Peres Baku şäher aýlawynda 51 gezek aýlaw edip, ony hemmelerden ir tamamlady (1:44.703) we hormat münberiniň birinji ornuna çykmagy başardy. Ikinji orny 1:45.138 görkeziji bilen «Aston Martin» toparynyň nemes sürüjisi Sebastýan Fettel eýelemegi başardy. «AlphaTauri» toparynyň fransuz sürüjisi Pýer Gasli bolsa 1:45.588 görkeziji bilen üçünji orna çykdy.
Ýeňen türgenleriň we toparlaryň hormatyna Meksikanyň we Awstriýanyň döwlet senalary ýaňlandy. Şunlukda, şu ýeňiş bilen Serhio Peres sürüjileriň arasyndaky «Formula-1» ýaryşynda iki basgançak öňe saýlandy we 69 utuk bilen üçünji orny eýeledi. Umuman, çempionatda onuň toparlaýyn kärdeşi Maks Ferstappen 105 utuk bilen öňdeligi saklaýar. 101 utuk bilen «Mersedes» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton bolsa ikinji orunda.
Bakuwyň gran-pri ýaryşynda gazanylan ýeňişleriň netijesi boýunça «Red Bull Racing Honda» we ikinji orny eýelän «Mersedes» toparlarynyň arasynda 26 utuk bar. Häzirki wagtda bu toparyň jemi 174 utugy bar. «Ferrari» topary bolsa 94 utuk bilen üçünji orny eýelemegi başardy.


23.05.2026 16:21
11k+

$1,4 млрд на десятерых: Forbes показал, что миром спорта все еще правят ветераны

Рейтинг самых высокооплачиваемых спортсменов по версии Forbes в этом году показал, что легенды спорта даже после 40 лет продолжают зарабатывать больше молодых суперзвезд....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Аттракцион в Абу-Даби разогнался до 240 км/ч за 4,9 секунды

Американские горки Formula Rossa в тематическом парке Ferrari World в Абу-Даби (ОАЭ) подтвердили статус самого быстрого аттракциона в мире....

04.05.2026 14:40
2k+

Антонелли выиграл третий подряд этап Гран-при «Формулы-1» и возглавил чемпионат

Гонщик Mercedes Андреа Кими Антонелли стал победителем Гран-при Майами — это его третья подряд победа в текущем сезоне «Формулы-1»....

25.04.2026 15:19
1.5k+

Опубликован рейтинг стоимости команд Формулы-1: лидирует Ferrari с оценкой в $7 млрд

Стоимость всех команд Формулы-1 за последние несколько лет продемонстрировала резкий рост, и теперь каждый коллектив оценивается минимум в 1 миллиард долларов. Это следует из данных PlanetF1....