Şazada Garri bilen Megan Marklyň gyzy dünýä indi

  • 08.06.2021 21:45
  • 13k+

Şazada Garri we onuň ýanýoldaşy Megan Markl ikinji gezek ene-ata boldular. Olaryň esaslandyran «Archewell» jemgyýetçilik guramasynyň saýtynda ýazylyşy ýaly, gyzjagaza Lilibet Diana diýip at goýdular. Bu barada TASS agentligi habar berýär.

Tagt mirasdüşerleriniň arasynda 8-nji orun alan gyzjagaz Garri bilen Meganyň bir ýyldan gowrak wagt bäri ýaşaýan ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Santa-Barbara şäherindäki hassahanada doguldy. Habarda aýdylyşy ýaly, täze doglan bäbejik 3,5 kilogram agramda doguldy. Ejesi hem, gyzjagaz hem özüni oňat duýýarlar we olar eýýäm öýlerine geldiler. 
Täze doglan bäbejige Beýik Britaniýanyň Şa aýaly Ýelizaweta II-niň hormatyna — Lilibet (onuň ady maşgala agzalarynyň arasynda Lilibet diýip tutulýar), şazada Garriniň ejesi şa gyzy Diananyň (1961-1997) hormatyna bolsa — Diana diýip at goýdular. Şunlukda, Ýelizaweta II-niň ikinji ogly, Ýork şäheriniň gersogy Endrýu tagt mirasdüşerleriniň sanawynda 9-njy orna süýşdi.
Şazada Garri we Megan Markl gyzjagazlarynyň dünýä inmegi bilen bagly şatlykly pursatlarda goldaw berenleriň ählisine minnetdarlyk bildirip, şu waka mynasybetli nähilidir bir sowgat etmek isleýän adamlaryň hususy däl guramalara haýyr-sahawat etseler has gowy boljakdygyny aýtdylar. Bu ýerde gürrüň Girls Inc., Harvest Home и Myna Mahila Foundation ýaly zenanlaryň hukuklary boýunça iş alyp barýan guramalar barada barýar.
Lilibet Diana şazada Garri bilen Megan Marklyň ikinji perzendidir. Olaryň 2019-njy ýylyň 6-njy maýynda doglan Arçi atly ogly hem bar. Täze bäbejigiň dünýä inmegi mynasybetli, 11-nji gezek garry ene bolýan Ýelizaweta II we şa maşgalasynyň beýleki agzalary gutlaglaryny iberdiler.

şu gün 00:03
1.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
476

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
994

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......