Maý aýynda awtomobil söwdasy 134 % ýokarlandy

  • 07.06.2021 17:26
  • 26k+

2021-nji ýylyň maý aýy täze awtomobilleriň söwdasynyň 133,8 göterime çenli ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýär. Munuň özi geçen ýylyň maýy bilen deňeşdirilende, 84 müň 345 sany ulagyň köp satylandygyny aňladýar. Awtomobilleriň söwdasy bir aýda 147 müň 378-e deň boldy — diýip, auto.mail.ru habar berýär.

2019-njy ýylyň maýy bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 6,7 göterime barabar boldy (10 müň awtomobil köp). COVID-19 pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylda girizilen lokdauny hasaba alanyňda, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 2021-nji ýylyň başyndan bäri döwürde ösüş depgini 38,7 göterim boldy.

«Tomus aýlarynda bütin dünýäde elektron düzüm bölekleriň ýetmezçilik etmekligi sebäpli, sargytlaryň kemelmegi mümkin. Şonuň üçin biz köp sanly önüm öndürijileriň häzirki ýokary sarp ediş islegleriniň möçberiniň peselmegine garaşýarys. Önüm öndürijilere we sarp edijilere döwlet goldawynyň bolmagy ýylyň oňyn netijeler bilen tamamlanmagyny göz öňünde tutmaga mümkinçilik berýär» —diýip, AEB awtomobil öndürijiler komitetiniň başlygy Tomas Ştersel aýdýar.


şu gün 11:17
120

Hyundai ulaglarynyň salonlarynda antibakterial yşyklandyryş peýda bolar

Hyundai wiruslary we bakteriýalary ýok etmek üçin niýetlenen salonyň ultramelewşe yşyklandyryş ulgamynyň synaglaryny tamamlady. Kompaniýa täze tehnologiýany ýolagçy orunlary köp bolan awtoulaglarda,......

şu gün 10:02
754

EA hile jogap berip bilmeýär: Ford tejribeli inženerlerini yzyna çagyrmaly boldy

Ford kompaniýasy awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we emeli aň gurallarynyň awtomobilleriň hiline garaşylyşy ýaly gözegçilik edip bilmändigi sebäpli, 350-ä golaý tejribeli inženeri gaýtadan işe aldy....

düýn 15:49
1.6k+

Ford ýylyň başyndan bäri ABŞ-da 11 milliondan gowrak ulagy yzyna çagyrdy

2026-njy ýylyň başyndan bäri «Ford» konserni ABŞ-da jemi 11,27 milliondan gowrak awtoulaga täsir eden 50 sany yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etdi. Bu barada «Motor1» neşiri habar berýär....

düýn 11:32
2.7k+

Hytaýda ýygnalan iň ygtybarly ulaglar kesgitlenildi: RAV4, Golf we Coolray

«J.D. Power» agentliginiň hytaý şahamçasy HHR-iň zawodlarynda ýygnalýan benzinli awtoulaglaryň hiliniň täze reýtingini taýýarlady....