«Akylly şäheriň» artykmaçlyklary

«Akylly şäheriň» artykmaçlyklary

Yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň gün­sa­ýyn kä­mil­leş­ýän zama­na­syn­da «akyl­ly şä­her» kon­sep­si­ýa­sy bü­tin dün­ýä­de ulu­ly-ki­çi­li şä­her­le­riň ýüz­ler­çe­si ta­ra­pyn­dan dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. «Akyl­ly şä­her» dü­şün­je­si dür­li çeş­me­ler­de dür­lü­çe kes­git­le­nil­ýär. My­sal üçin, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de bu dü­şün­je bi­len mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk se­riş­de­le­ri­niň hasa­by­na jem­gy­ýet­çi­lik me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len işi ama­la aşyr­ýan şä­her­ler göz öňün­de tu­tul­ýar. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da bol­sa bu dü­şün­je ar­ka­ly daş­ky gur­şa­wyň we ýa­şaý­jy­la­ryň bäh­bi­di­ne top­lum­la­ýyn çöz­güt­le­ri or­naşdyr­ýan «in­no­wa­sion şä­her­ler» aň­la­dyl­ýar. Kä­bir ta­pa­wut­la­ra ga­ra­maz­dan, «akyl­ly şä­her» konsep­si­ýa­sy­nyň esa­sy ala­mat­la­ry hök­mün­de dur­nuk­ly­lyk we eko­lo­gi­ýa aras­sa­çy­ly­gy, do­lan­dy­ry­şa tu­tuş jem­gy­ýe­tiň iş­jeň gat­naş­ma­gy, mag­lu­mat­la­ryň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy, hyz­mat­la­ryň hi­li­ni we dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ym­ty­lyş gör­ke­zil­ýär. Diý­mek, «akyl­ly şä­he­ri» jem­gy­ýe­tiň bäh­bi­di üçin saz­la­şyk­ly iş­le­ýän bir bi­te­wi jan­ly be­de­ne meň­ze­dip bo­lar. Şeý­le şä­her­de or­naş­dy­ryl­ýan san­ly tehno­lo­gi­ýa­lar ýa­şaý­jy­la­ryň dur­mu­şy­ny äh­li de­re­je­de go­wulan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär.

«Akyl­ly şä­her» — san­ly tehno­lo­gi­ýa­la­ryň kö­me­gi bi­len se­riş­de­le­ri ýer­lik­li we tyg­şyt­ly peý­da­lan­ýan aýaw­ly şä­her. «Akyl­ly şä­he­riň» hyz­mat­la­ry çyl­şy­rym­ly we­zi­pe­le­ri ýe­ňil­leş­dir­ýär. Me­se­lem, san­ly döw­let hyz­mat­la­ry­nyň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len ra­ýat­la­ra sal­gyt­la­ry, je­ri­me­le­ri we gaý­ry tö­leg­le­ri tö­le­mek ýa-da luk­ma­nyň, hu­kuk­çy­nyň ka­bul edi­şi­ne ýa­zyl­mak üçin ýö­ri­te eda­ra­la­ra bar­mak ze­rurly­gy ara­dan aý­ryl­ýar. Bu iş­ler on­laýn gör­nüş­de ama­la aşy­ry­lyp bi­lin­ýär. Döw­let hyz­mat­la­ry, şä­he­riň ulag dü­züm­le­ri­ni do­landyr­mak, su­wuň we ener­gi­ýa­nyň ýer­lik­li peý­da­la­ny­ly­şy, sag­ly­gy go­ra­ýyş, in­no­wa­sion oba ho­ja­ly­gy we ga­lyn­dyla­ryň gaý­ta­dan iş­le­ni­li­şi hem «akyl­ly şä­her» teh­no­lo­giýa­la­ry­nyň kä­mil­leş­dir­ýän ugur­la­ry­nyň ha­ta­ry­na gir­ýär.
Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ ýur­du­myz­da mag­lu­mat-aragat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň esa­syn­da «akyl­ly şä­he­riň» ägirt uly tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­ýär. Şol teh­no­lo­gi­ýa­lar dur­mu­şyň äh­li ugur­la­ry­na sanly ul­ga­my saz­la­şyk­ly bag­la­nyş­dy­rar. Mu­nuň özi bi­te­wi aň-paý­has ul­ga­my­nyň ýaý­baň­lan­dy­ryl­ma­gy­ny aň­lad­ýar. Bu ul­ga­ma ulag he­re­ke­tin­den baş­lap, eko­lo­gi­ýa çen­li uly möç­ber­dä­ki mag­lu­mat­lar jem­len­ýär. De­giş­li gul­luk­lar şol mag­lu­mat­la­ra eýe bol­mak bi­len, ener­gi­ýa­nyň paý­la­nyly­şy­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge, zir-zi­bil­le­riň ýyg­na­nyl­ma­gy­ny ýe­ňil­leş­dir­mä­ge, ýol­lar­da bök­denç­lik­le­riň ara­dan aý­rylma­gy­na, hat­da ho­wa­nyň hi­li­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy­na müm­kin­çi­lik alar­lar.

Ýur­du­myz­da «akyl­ly» ul­gam­lar eý­ýäm Aş­ga­ba­dyň tä­ze ýa­şa­ýyş top­lum­la­ryn­da giň­den or­naş­dy­ryl­dy. Ahal we­la­ýa­ty­nyň gur­lu­şy­gy ýo­ka­ry dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýan tä­ze eda­ra ediş mer­ke­zi we paý­tag­ty­my­zyň de­mir­ga­zyk kün­je­gin­de düý­bi tu­tu­lan döw­re­bap ýa­şa­ýyş top­lu­my — «Aş­ga­bat-si­ti» ýa­ly tas­la­ma­lar eziz Di­ýa­ry­myz­da «akyl­ly şä­her» kon­sep­si­ýa­sy­na do­ly ky­bap gel­ýän il­kin­ji dü­zümler bo­lar. Şeý­le­lik­de, adam­la­ryň bäh­bi­di­ne hyz­mat ed­ýän in­no­wa­sion ul­gam­lar ýur­du­myz­da şä­her gur­lu­şy­gy­nyň dur­nuk­ly ös­me­gi üçin teh­no­lo­gik çe­me­leş­me­le­riň esa­syny eme­le ge­ti­rer.