10 müňe golaý meýletinçi «Tokio-2020» Olimpiýadasynda işlemekden ýüz öwürdi

  • 04.06.2021 18:03
  • 5.9k+

«Tokio-2020» oýunlarynyň guramaçylary Olimpiada we Paralimpiada gatnaşmagy meýilleşdirilen 80 müň meýletinçiniň soňky aýlardan bäri 10 müňe golaýynyň işden gidýändiklerini habar berendiklerini aýtdy. Oýunlaryň başlanmagyna bolsa bary-ýogy 50 gün galdy. Bu barada euronews.com maglumat berýär.

«Tokio-2020-niň» Ýerine ýetiriji direktory Toşiro Muto golaýda ýerli habar beriş serişdelerine meýletinçileriň 10 müňüsiniň, esasan, saglyk ýagdaýy sebäpli işden çykandyklaryny habar berdi. «Meniň pikirimçe, esasy sebäpleriň biriniň koronawirus ýokanjy üçin aladalanmakdygyna şübhe ýok» — diýip, ol aýtdy.
Sebäpleriň ýene biri oýunlaryň geçiriljek senesiniň üýtgäp, yza süýşürilmegi ýa-da «Tokio-2020-niň» prezidenti Ýosiro Morä garşy jynsy gapma-garşylyklaryň döräp, onuň şu ýylyň fewral aýynda mejbury ýagdaýda wezipesinden el çekmegine garşylyk görkezmek bilen bagly bolup biler. Onuň ýerine bu wezipä Seýko Haşimoto bellenildi.
Milli pikir soraşmalaryň netijelerine görä, oýunlaryň şu ýylda geçirilmegine garşy çykyp 80 göterim ses beren ýaponlaryň arasynda-da meýletinçileriň käbiriniň bolmaklygy mümkin. Tokioda geçirilen pikir soraşmalarda bolsa tarapdarlaryň we garşylyklaýyn ses berýänleriň sany deňe-deň (50-50) netije görkezdi. Şeýle hem Muto ýolbelet, ýardamçy ýa-da terjimeçi bolup işlejek meýletinçileriň az böleginiň öz islegi bilen işden gitmeginiň bu oýunlara o diýen uly zyýan ýetirmejekdigini aýtdy.

şu gün 10:10
1.4k+

ÇL-iň 1/2 finalynda «Atletiko» — «Arsenal» duşuşygynyň ykbalyny iki penalti çözdi

«Atletiko» we «Arsenal» toparlarynyň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarymfinal garşydaşlygynda birinji oýun 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Madridde geçirilen duşuşykda iki topar hem gollaryny penaltiden urmagy......

düýn 14:40
1.3k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

düýn 09:59
5.8k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......

28.04.2026 16:14
4.1k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....