Penşenbe güni Aşgabatda aşa yssy howanyň bolmagyna garaşylýar

Penşenbe güni Aşgabatda aşa yssy howanyň bolmagyna garaşylýar

Sinoptikler 3-nji iýunda Aşgabatda aşa yssy howanyň bolmagyny çaklaýarlar. Howanyň temperaturasy +46 gradusa çenli ýokarlanyp biler. Howanyň aňry-çäk derejesiniň hatda +47 gradusa çenli ýetmeginiň mümkindigi hem çaklanylýar.

 

Egerde çaklamalar dogry çyksa, onda Aşgabatda howanyň ýagdaýyna gözegçiligiň tutuş taryhynda hasaba alnan iň ýokary çägiň — +47,2 graduslyk rekordyň täzelenmegi mümkin. Soňky rekord 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda hasaba alnypdy.
TmCars.info aşa yssy howa sebäpli garrylara, çagalara, şeýle hem ýürek-damar keselli adamlara günortanlar daşary çykmazlygy maslahat berýär.
Belläp geçsek, eýýäm anna güni ýagdaý üýtgäp, howanyň temperaturasy +37 — +38-e çenli düşer. Ertesi gün bolsa, +35 gradusa düşmegi ahmal.