В Турции приступили ко второму этапу ослабления ковид-ограничений

  • 02.06.2021 22:34
  • 12k+

Türkiýäniň häkimiýetleri sişenbe gününden COVID-19 koronawirusyna garşy göreş çärelerini gowşatmaga girişdi diýip, INTERFAX.RU habar berýär.

Anadolu agentliginiň maglumatlaryna görä, ýurtda kafeleriň we restoranlaryň işi gaýtadan dikeldilýär, ýöne bir stoluň başynda ikiden köp adamyň we eýwanlarda bir stoluň başynda üçden köp adamyň bolmagyna rugsat berilmeýär. Şeýle-de, kinoteatrlar işläp başlady, täze düzgünlere laýyklykda, tomaşaçylar zalyň ýarysyndan köp bolmazlygy üçin, atanaklaýyn görnüşde (küşt düşegi görnüşinde) oturmaly.
Sport zallary we fitnes klublary hem howpsuzlyk çärelerine laýyklykda, 1-nji iýundan myhmanlary kabul edip başlady, ýöne basseýnleri we hammamlary häzirlikçe işletmezlik kararyna gelindi. Häkimiýetler azyk önümleri dükanlaryna we kiçiräk dükanlara ýekşenbe güni hem işlemäge rugsat bermek bilen, dynç günleri komendant sagadyny sakladylar.
NTV teleýaýlymynyň bellemegine görä, 65 ýaşdan uly we 18 ýaşdan kiçi adamlar üçin, eger olar COVID-19-a garşy sanjym alan bolsalar, aýratyn çäklendirmeler hereket etmegini bes edýär. 
Pandemiýa döwründe Türkiýede 5,2 milliondan gowrak koronawirus ýagdaýy hasaba alyndy, kesellänleriň 47,5 müňden gowragy ýogaldy. Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda respublikada 29 milliondan gowrak adam koronawirusa garşy sanjym aldy, olardan tas 16 milliony sanjymyň birinji komponentini aldy.


02.11.2023 09:17
12k+

Китай отменит с 1 ноября требование декларации здоровья у въезжающих

С 1 ноября отменяется требование к иностранным гражданам предъявлять при въезде в Китай декларацию о состоянии здоровья, главное сообщило таможенное управление страны. Требование действовало с начала пандемии....

06.05.2023 10:56
9.2k+

Венесуэла сняла все антиковидные ограничения для туристов

Власти Венесуэлы отменили все антиковидные ограничения для прибывающих путешественников. Об этом пишет "Интерфакс" со ссылкой на газету Observador.  "Важно подчеркнуть, что указанное положение будет выполнено в...

28.03.2023 15:42
7.8k+

При въезде в Азербайджан гражданам иностранных государств не понадобятся COVID-паспорта

Гражданам иностранных государств не требуется иметь при себе COVID-паспорт при въезде в Азербайджан. Об этом сообщает Trend со ссылкой на решение Кабмина Азербайджана. В Правительстве страны уточнили, что с 06:00...

10.03.2023 11:17
6.5k+

Власти Катара отменили все коронавирусные ограничения

Правительство Катара отменило в среду все ограничения, направленные на предотвращение распространения коронавируса.  В качестве меры предосторожности у населения требуют лишь ношения защитных масок в медицинских...