Dünýäniň iň arassa suwa düşülýän kenarlary belli boldy

  • 01.06.2021 00:21
  • 22k+

Ispaniýa dünýäde iň köp arassa suwa düşülýän kenarlary (plýaž) bolan ýurt diýlip atlandyryldy. Bu barada suwy ýokary ülňülere laýyk gelýän we howpsuz suwa düşmek üçin amatly bolan kenarýakalara we gämi duralgalaryna her ýyl berilýän “Mawy baýdak” baýragynyň saýtynda habar berilýär. Muny lenta.ru ýetirýär.

Bu baýraga jogapkär bolan Ekologiýa bilim gaznasy (FEE) dünýäniň 49 ýurdundan ybarat sanawy düzmek bilen, olaryň her birinde suwuň hiline baha berdi.
Sanawda birinji orny Ispaniýa eýeledi – patyşalygyň 614 kenarynda hapa tapylmady. Ikinji orny Gresiýa (545 arassa kenar), üçünji orny Türkiýe (519 kenar) eýeledi. Sanawda Fransiýa (410 kenar), Italiýa (416 kenar), Portugaliýa (372 kenar), Daniýa (168 kenar) we Niderlandlar (56 kenar) hem bar.

 

şu gün 00:03
1k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
914

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
416

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......