Jeff Bezos 5-nji iýulda Amazon-yň baş direktory wezipesinden gider

Jeff Bezos 5-nji iýulda Amazon-yň baş direktory wezipesinden gider

Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos kompaniýanyň paýdarlarynyň ýyllyk ýygnagynda 5-nji iýulda baş direktor wezipesinden gitjekdigini aýtdy. Bu barada Day.Az habar berýär.

“Biz şu senäni saýladyk, sebäbi ol meniň üçin gymmatly – 27 ýyl mundan ozal, 1994-nji ýylyň hut şu güni Amazon esaslandyrylypdy” –diýip, CNBC teleýaýlymy Bezosyň sözlerini getirýär.

Fewral aýynyň başynda Bezosyň 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde Amazon-yň baş direktory wezipesinden gitjekdigi we kompaniýanyň müdirler geňeşiniň ýerine ýetiriji başlygy wezipesine geçjekdigi belli boldy. Täze baş direktor Web Services bölüminiň ýolbaşçysy Endi Jessi bolar.
Bezos klimat üýtgemelerine garşy göreşmek üçin Bezos Earth Fund taslamasyna, Blue Origin kosmos kompaniýasyna, şeýle-de “The Washington Post” neşirýat öýüne we “Amazon Day 1 Fund” haýyr-sahawat gaznasyna köp üns berjekdigini aýtdy.
Jeff Bezos Amazon kompaniýasyny 1994-nji ýylda esaslandyrmak bilen, saýty onlaýn kitap dükanyndan dünýäniň ähli ýerine harytlaryny iberýän iň uly onlaýn satyja öwürdi. Bezosyň ýolbaşçylygynda 2020-nji ýylyň başynda kompaniýanyň bazar kapitallaşdyrmasy 1 trillion dollardan geçdi.