Ertir Aşgabatda howanyň 43 gradusa çenli gyzmagyna garaşylýar

Ertir Aşgabatda howanyň 43 gradusa çenli gyzmagyna garaşylýar

Ýekşenbe güni, 30-njy maýda Aşgabatda we Ahal welaýatynda howanyň temperaturasy +43 gradusa çenli gyzar. Bu barada Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy habar berýär.

Türkmen paýtagtynda eýýäm irden sagat 8-e howa +32 dereje gyzar, günortana çenli gyzgynlyk +40 derejä çenli ýokarlanar.
Şular ýaly howa Daşoguz welaýatynda hem garaşylýar.
Ýurduň beýleki sebitlerinde howanyň ortaça temperaturasy +40 dereje bolar.
+38 gradusdan ýokary temperaturadaky howanyň ýürek-damar ulgamyna ýaramaz täsir etmeginiň mümkindigini ýadyňyzdan çykarmaň. Şonuň üçin hem saglygy gowşak adamlara gündizlerine öýde galmagy maslahat berýäris.