«Billboard Music Awards-2021» baýraklarynyň ýeňijileri yglan edildi

  • 28.05.2021 16:29
  • 4.1k+

Los-Anželesde sungat işgärlerine aýdym-saz pudagynda gazanan üstünlikleri üçin her ýyl gowşurylýan «Billboard Music Awards-yň» ýeňijileri yglan edildi. Bu barada RIA Nowosti habar berdi.

Baýragyň 2021-nji ýyldaky ýeňijisi kanadaly aýdymçy The Weeknd (Eýbel Tesfaýe) boldy. "Kör yşyklar" ("Blinding lights"), "Birnäçe sagatdan soň" ("After hours") aýdymlarynyň ýerine ýetirijisi esasy kategoriýalarda on sany "altyn mikrofon" aldy. Olaryň hatarynda "Iň gowy aýdymçy", "Iň gowy erkek aýdymçy" we "Hot 100 reýtinginiň iň gowusy" ýaly baýraklar bar.
Baýraklarynyň sany boýunça ikinji orny "Iň gowy täze aýdymçy" ýaly bäş ugurda tapawutlanan repçi Pop Smoke (Başar Jekson) eýeledi. Sazanda 2020-nji ýylyň fewralynda aradan çykypdy, onuň ýerine baýraklary dogany Obasi Jekson we ejesi Odri almaly boldy.
Günorta Koreýanyň BTS toparynyň agzalary, şeýle hem Bad Bunny lakamy bilen tanalýan puerto-rikoly aýdymçysy Benito Okasio - bularyň hersi dört heýkelden aldylar.
Zenan aýdymçylaryň arasynda bu ýyl Teýlor Swift ("Iň oňat zenan aýdymçy" we "Billboard 200 çartynda iň gowusy" ugurlary boýunça baýraga mynasyp boldy) we "Tans aýdymlary boýunça iň gowy aýdymçy" we "Iň gowy tans albomy" ("Hromatika" ýygyndysy) ugurlary boýunça tapawutlanan Ledi Gaga öňe saýlandy.
Ýörite baýraklaryň ýeňijileri hökmünde bolsa repçi Dreýk (ony “Onýyllygyň aýdymçysy” diýip atlandyrdylar) we "Ikona" ugry boýunça baýrak alan aýdymçy Pink ykrar edildi.


şu gün 09:29
300

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

düýn 22:06
585

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

düýn 20:58
6k+

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....

düýn 19:11
3.5k+

«Türkmentelekom» edara-kärhanalara wirtual Call-center hyzmatlaryny hödürleýär

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy döwlet we hususy guramalara ýüz tutmalary kabul etmek hem-de müşderiler bilen özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen Call-center......