Aşgabat bilen Merjen — Aşgabadyň gününde dünýä inen ilkinji bäbekler

  • 25.05.2021 15:09
  • 79k+

Aşgabatda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde 2021-nji ýylyň 25-nji maýynda sagat 00:03-de birinji oglan bäbek — Aşgabat, 00:07-de bolsa, birinji gyz bäbek — Merjen dünýä indi. TmCars.info-nyň anyklan maglumatlaryna görä, bäbejikleriň ikisiniň hem ýagdaýy kanagatlanarly.

Paýtagtymyzyň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly ýubileý gününde doglan ilkinji oglanjyk barada:

  • Ady-Orazmyradow Aşgabat Islamowiç
  • Agramy -3985 gr
  • Boýy-53 sm
  • Maşgalada birinji çaga

Birinji dünýä inen gyzjagaz barada

  • Ady-Atajykowa Merjen Ýazmuhammedowna
  • Agramy – 3720 gr
  • Boýy-53 sm
  • Maşgalada birinji çaga

Öň habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 26-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji maýda ilkinji bolup dünýä inen oglanjyga Paýtagt ýa-da Aşgabat adynyň, eger gyzjagaz dünýä inse, Merjen ýa-da Maýa adynyň dakylmagyny teklip etdi. Bu şanly senä goýulýan hormaty, merjen şäherimiziň bagt mekanydygyny aňladýar.
Täze doglan çagalaryň maşgalalaryna ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

TmCars.info Aşgabadyň gününde ilkinji dünýä inen çagalara uzak ýaş, jan saglyk, olaryň maşgalalaryna rysgal-bereket, abadançylyk arzuw edýär!

şu gün 00:07
1.6k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
1.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
2.5k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 23:53
1.6k+

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....