Russiýaly suwda ýüzüji rekord görkeziji bilen Ýewropanyň çempiony boldy

  • 24.05.2021 21:55
  • 3.5k+

Budapeştde 200 metr aralyga erkin usulda ýüzmek boýunça final ýaryşy tamamlandy. Onda russiýaly türgen Martin Malýutin çempion boldy. Bu barada smotrim.ru habar berdi.

Netijede, rus ýüzüjisi Martin Malýutin Budapeştde geçirilen suwda ýüzmek boýunça Ýewropa çempionatynda altyn medal gazandy. Ol 200 metr aralyga erkin usulda ýüzmek boýunça 1 minut 44,79 sekunt netije görkezdi. Munuň özi ýaryşyň täze rekordy bolup durýar.
Ikinji ýeri britaniýaly Dankan Skott (+0.40 sekunt) eýeledi. Onuň watandaşy Tomas Din hem ilkinji üçlüge girdi (+0.55 sekunt).
Ýeri gelende, mundan ozal 21 ýaşly Malýutiniň erkin görnüşde 4x200 metr aralyga geçirilen estafetada Ýewropa çempiony bolandygyny ýatladýarys.

şu gün 16:41
291

UFC-niň ýyldyzlary Arman Sarukýan bilen Toni Fergýuson RAF 10 ýaryşynda duşuşarlar

2026-njy ýylyň 13-nji iýunynda ABŞ-nyň Sent-Luis şäherinde geçiriljek RAF 10 ýaryşynyň çäginde UFC-niň guşagyna esasy dalaşgärleriň biri Arman Sarukýan bilen meşhur “weteran” söweşiji Toni Fergýusonyň arasynda......

düýn 18:26
3.3k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny $871 mln çenli artdyrdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny 15% artdyryp, tölegleriň umumy möçberini 871 million dollara ýetirmek barada çözgüt kabul etdi....

düýn 11:50
5.9k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

düýn 11:46
5.4k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......