«Ýewrowideniýe – 2021» bäsleşiginiň birinji ýarym finalynyň ýeňijileri belli boldy

  • 19.05.2021 12:32
  • 7.5k+

Düýn agşam Niderlandlarda geçen “Ýewrowideniýe – 2021” aýdym-saz bäsleşiginiň birinji ýarym finalynyň on ýeňijisi yglan edildi diýip, tj.sputniknews.ru habar berýär.

Bäsleşigiň bu bölegine 16 döwletden, ýagny Litwa, Sloweniýa, Russiýa, Şwesiýa, Awstraliýa, Demirgazyk Makedoniýa, Irlandiýa, Kipr, Norwegiýa, Horwatiýa, Belgiýa, Ysraýyl, Rumyniýa, Azerbaýjan, Ukraina we Malta döwletlerinden ýerine ýetirijiler gatnaşdy.
Ses bermäniň netijesinde finala 10 gatnaşyjy çykdy: “Fallen Angel” kompozisiýasy bilen TIX aýdymçysy (Norwegiýa), Eden Alene – Set Me Free (Ysraýyl), Maniža – Russians Woman (Russiýa), Samira Efendi – Mata Hari (Azerbaýjan), Destini Çukunýere – Je Me Casse (Malta), The Roop – Discoteque (Litwa), Elena Sagrinu – El Diablo (Kipr), Tusse – Voices (Şwesiýa), Hooverphonic – The Wrong Place (Belgiýa), Go_A – “Şum” (Ukraina).
Ýeňijileri saýlamaga hem “Ýewrowideniýäniň” tomaşaçylary hem-de bäsleşigiň abraýly emin agzalary gatnaşdy. “Ýewrowideniýe – 2021” aýdym-saz bäsleşiginiň ikinji ýarym finaly 20-nji maýda geçiriler. Bäsleşigiň ýeňijisi aýyň 22-sine belli bolar.

düýn 23:23
610

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

düýn 17:11
1.2k+

Rimde iňlis dilinde ýazylan VII asyra degişli iň gadymy goşgynyň nusgasy tapyldy

Rim şäheriniň Milli merkezi kitaphanasynda VII asyrda döredilen we iňlis dilinde şu güne çenli saklanyp galan iň gadymy şygyr bolan «Kedmonyň senasynyň» ozal näbelli bolan golýazmasy tapyldy. «The Guardian»......

düýn 15:54
3.2k+

Dubaýda 9,25 milliard dollarlyk «Altyn liniýa» gurulýar: metro ulgamy 25% giňeler

Dubaýda bahasy 9,25 milliard dollara barabar bolan metronyň täze «altyn liniýasynyň» gurluşygy yglan edildi. Bu taslama barada emirligiň häkimi şeýh Muhammed bin Raşid Al Maktum habar berdi....

düýn 15:06
1.1k+

Totyguşlaryň adamlara ýörite yşaratlar arkaly ýüzlenýändigi anyklandy

Geçirilen täze ylmy barlag totyguşlaryň kesgitli adamlara we haýwanlara ýüzlenmek üçin özboluşly ses signallaryny ulanýandygyny görkezdi. Bu barada Phys.org ylmy portalynda çap edilen makalada aýdylýar....