Singapurda geçirilmeli Bütindünýä ykdysady forumy ýatyryldy

  • 18.05.2021 21:23
  • 4.1k+

17-20-nji awgustda Singapurda geçirilmegi meýilleşdirilen Bütindünýä ykdysady forumynyň (BYF) ýyllyk ýygnagy koronawirus pandemiýasy sebäpli ýatyryldy diýip, RIA Nowosti ýetirýär.

“Gynansak-da, dürli geografiki sebitlerde ýüze çykýan pajygaly ýagdaýlar, syýahatçylyk gurşawynda kesgitlenmedik mümkinçilikler, sanjymlaryň ýaýramagynyň derejesi we täze görnüşler (COVID) bilen bagly näbellilikler, umumylykda, dünýäniň biznes, hökümet we raýat jemgyýetiniň ýolbaşçylary bilen global duşuşygyň meýilleşdirilişi ýaly geçirilmegine mümkinçilik bermeýär” – diýlip, habarda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, BYF-iň indiki ýyllyk ýygnagy 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda geçiriler. Onuň senesi we ýeri şu tomus belli ediler.
Adatça, BYF-iň her ýylky ýygnagy ýanwar aýynda Dawosda geçirilýär, ýöne koronawirus pandemiýasy we onuň bilen bagly sanitar çäklendirmeleri sebäpli, 2021-nji ýylda ýygnagy Singapurda geçirmek meýilleşdirilipdi.
BYF – Şweýsariýanyň hökümete degişli bolmadyk guramasy. Onuň agzalary müň töweregi iri kompaniýalardan we guramalardan ybarat.

düýn 22:54
653

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......