"Motorola" smartfonlara howa arkaly zarýad bermegiň tehnologiýasyny oýlap tapdy

  • 18.05.2021 21:08
  • 8.9k+

Ýakynda “Motorola” smartfonlara howa arkaly zarýad beriş tehnologiýasyny mahabatlandyrdy. Bu barada msn.com habar berdi.

“Motorola-nyň" bu täze tehnologiýany döretmek üçin simsiz zarýad berijileri öndürýän “GuRu Wireless” kompaniýasy bilen işleşýändigi habar berildi. Ol "MmWave" modullaryndan ybarat kiçijik geçirijä esaslanyp, energiýany howa arkaly geçirmek üçin millimetr uzynlykdaky tolkunlar ulanylýar.
Zarýad bermekde we akylly algoritmlerde "mmWave" diapazonynyň ulanylmagy netijesinde, geçirijiniň we kabul edijiniň ölçeginiň kiçelmeginiň mümkindigi aýdylýar. Mundan başga-da, enjam elektromagnit tolkunlaryny has gowy ugrukdyryp biler.  Şeýle hem ol 80-100 santimetr aralykdan zarýad berip biler.
"Motorola" ilkinji gezek 2021-nji ýylyň başynda howa arkaly simsiz zarýad beriş ulgamyny hödürläpdi. Onda enjamlaryň arasyna el ýa-da başga bir zat goýlanda, zarýad beriş prosesi togtaýardy.

şu gün 19:33
580

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....

şu gün 15:48
1.4k+

WSJ: Google bilen SpaceX orbita maglumat merkezlerini ugratmak hakda gepleşik geçirýär

«Google» kompaniýasy «SpaceX» bilen hasaplaýyş kuwwatlyklaryny kosmosda ýerleşdirmegi göz öňünde tutýan synag tehnologiýasy — orbital maglumat merkezlerini işe girizmek barada gepleşikler geçirýär. Bu barada......

şu gün 07:30
2k+

Huawei 10 000 mA·sag kuwwatly we düýbünden täze gurluşly batareýany synagdan geçirýär

Huawei kompaniýasy materiallary we gurluşy boýunça täze nesil akkumulýatorlary synagdan geçirýär. Insajer «Digital Chat Station-yň» berýän maglumatyna görä, bu batareýalaryň sygymy 10 000 mA·sag derejesinden......

düýn 18:37
1.1k+

Samsung Galaxy Watch6 huşdan gitmegi öňünden çaklamagy öwrendi

Samsung kompaniýasy Galaxy Watch6 akylly sagatlarynyň wazowagal huşdan gitme ýagdaýyny (çaşmaklyk) bäş minut öňünden 84%-den gowrak takyklyk bilen çaklap bilýändigini habar berdi....