Eýran ilkinji “Simurg” superkompýuterini hödürledi

  • 17.05.2021 20:13
  • 12k+

Eýran mifik pars guşunyň hormatyna atlandyrylan “Simurg” superkompýuterini hödürledi. Bu kompýuter Amir Kabir adyndaky Tähran tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary tarapyndan işlenip düzüldi. Bu barada vz.ru habar berýär.

Ulgamyň öndürijiligi häzirlikçe 0,56 petaflopsa ýetýär, işläp düzüjiler iki aýyň dowamynda kompýuteriň kuwwatynyň bir petaflopsa ýetmegine garaşýarlar. Şeýle-de, eýran alymlary häzirki wagtda işlenip taýýarlanylýan ýeňil kysymly raketa göterijisine hem “Simurg” adyny berdiler. Bu Eýran tarapyndan işlenip düzülen we işe girizilen ikinji raketa göterijisidir.
Eýran superkompýuterleri döretmegiň üstünde 10 ýyldan gowrak wagt bäri işleýär, ilkinji modeller barada heniz 2000-nji ýyllaryň başynda habar berildi. Belläp geçsek, dünýädäki superkompýuterler 1 petaflops öndürijiligine 2008-nji ýylda ýetdiler. Şonda şeýle görkezijini IBM Roadrunner ulgamy görkezdi.
2020-nji ýylyň iň öndürijilikli superkompýuteri Ýaponiýada işleýän Fugaku-dyr. Onuň öndürijiligi 442,01 petaflopsa ýetýär, ol ABŞ-da işleýän ozalky rekord eýesi Summit-den üç esse kuwwatly. Mart aýynda ol doly güýjünde işläp başlady. Kompýuter koronawirus boýunça barlaglarda ulanylýar.

şu gün 00:17
600

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......

düýn 19:33
867

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....

düýn 15:48
1.7k+

WSJ: Google bilen SpaceX orbita maglumat merkezlerini ugratmak hakda gepleşik geçirýär

«Google» kompaniýasy «SpaceX» bilen hasaplaýyş kuwwatlyklaryny kosmosda ýerleşdirmegi göz öňünde tutýan synag tehnologiýasy — orbital maglumat merkezlerini işe girizmek barada gepleşikler geçirýär. Bu barada......

düýn 07:30
2.2k+

Huawei 10 000 mA·sag kuwwatly we düýbünden täze gurluşly batareýany synagdan geçirýär

Huawei kompaniýasy materiallary we gurluşy boýunça täze nesil akkumulýatorlary synagdan geçirýär. Insajer «Digital Chat Station-yň» berýän maglumatyna görä, bu batareýalaryň sygymy 10 000 mA·sag derejesinden......