Hytaý ilkinji gezek Marsa baryp ýetdi

  • 17.05.2021 15:45
  • 16k+

Ýakynda “Týanwen-1” kosmos gämisi Marsa baryp gondy. Şeýlelik bilen ol bu planeta baryp ýeten ilkinji hytaý kosmos gämisi boldy. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Bu gonuşyň Aşgabat wagty bilen 04:18-de Marsyň demirgazyk ýarym şaryndaky Utopiýa düzlüginiň günorta böleginde bolandygy habar berildi. Enjam "gyzyl planeta" doly awtomatiki režimde gondy diýip, çeşme belleýär.
“Týanwen-1” tutuşlygyna orbita apparatyndan, gonuş modulyndan we marsohoddan ybarat. 2020-nji ýylyň iýul aýynda uçurylan kosmos gämisi iki aý töweregi wagt bäri özüne gonmaga ýer gözleýärdi. Netijede, gonuş modully we marsohodly kapsula Marsyň atmosferasyna girmegi başardy.
Kosmos gämisiniň gonuşynyň awtonom režim sebäpli kyn düşendigi, islendik bir ýalňyşlygyň gynandyryjy netijelere getirmeginiň mümkindigi bellendi. Şeýle hem çeşme Hytaýyň SSSR-den we ABŞ-dan soň Marsa ýeten üçünji ýurtdugyny belledi.

düýn 11:37
3.8k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.5k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.3k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.7k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......