Rafael Nadal Rimdäki "Mastersiň" finalyna çykdy

  • 17.05.2021 15:23
  • 2.2k+

Ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal Rimde (Italiýa) geçirilýän “Masters” ýaryşynyň finalyna çykmagy başardy.

Ýaryşyň ýarym final duşuşygynda 34 ýaşly Nadal ABŞ-nyň wekili Raýlli Opelkany iki setde 6:4, 6:4 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk jemi 1 sagat 32 minut dowam etdi. Nadal 3 gezek göni urgy bilen utuk aldy we 7 breýk-pointden 2-sini gazanmagy başardy. Amerikaly tennisçi bolsa 5 gezek eýs bilen utuk aldy, ýöne 4 breýk-pointden ýekejesini-de gazanyp bilmedi.
Ýaryşyň ýeňijisi bolmak ugrundaky jemleýji oýunda Nadal Nowak Jokowiç (Serbiýa) - Lorenzo Sonego (Italiýa) duşuşygynyň ýeňijisi bilen oýnar.
Rimdäki "Mastersiň" baýrak gaznasy 2,563,710 ýewro boldy. Ýaryşyň häzirki ýeňijisi - dünýäniň ilkinji raketkasy Nowak Jokowiç.  2020-nji ýylyň finalynda ol 7:5, 6:3 hasabynda argentinaly Diego Şwarsmany ýeňipdi.

düýn 20:47
3.3k+

Türkmen woleýbolçylary CAVA Cup ýaryşynda ýeňip, 2026-njy ýylyň Aziýa çempionatyna gatnaşmaga hukuk aldylar

Türkmenistanyň woleýbol boýunça erkekler ýygyndysy Bangladeşiň paýtagty Dakka şäherinde tamamlanan «CAVA Cup for Men 2025» halkara woleýbol ýaryşynda ýeňiş gazandy. Türkmen türgenleri bu ýaryşda bir oýunda-da ýeňilmän, finalda Owganystanyň toparyny 3:2 hasaby bilen ýeňdi diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär...

03.11.2025 17:30
2.8k+

Sinner Pariždäki “Mastersde” ýeňiş gazanyp, dünýäniň birinji raketkasy adyny gaýdyp aldy

Italiýaly tennisçi Ýannik Sinner Pariždäki “Masters” ýaryşynda ýeňiş gazanandan soň ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy. Ol finalda kanadaly Feliks Ože-Alýassimi 6:4, 7:6 (7:4) hasabynda utdy. Italiýaly türgen üçin bu ýeňiş Alýassim bilen bäş şahsy duşuşykda üçünji boldy...

03.11.2025 17:06
2.9k+

Gazagystan 2028-nji we 2029-njy ýyllarda Konferensiýa ligasynyň finallaryny geçirmäge dalaş edýär

Gazagystan 2028-nji we 2029-njy ýyllarda Ýewropada üçünji uly klub ýaryşy bolan Konferensiýa ligasynyň finallaryny geçirmek üçin arza berdi. Olaryň geçirilip bilinjek ýerleri hökmünde Astanadaky we Almaatadaky stadionlar görkezildi...

03.11.2025 17:02
4.6k+

Türkiýede bukmeker goýumlary üçin 149 emin futboldan çetleşdirildi

Türkiýäniň futbol federasiýasynyň (TFF) Tertip-düzgün geňeşi oýunlara pul goýmakda aýyplanýan 149 emini bu işden wagtlaýyn çetleşdirmek kararyna geldi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berýär. Çetleşdirmek möhleti 8 aýdan 12 aýa barabar...