Rafael Nadal Rimdäki "Mastersiň" finalyna çykdy

  • 17.05.2021 15:23
  • 2.4k+

Ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal Rimde (Italiýa) geçirilýän “Masters” ýaryşynyň finalyna çykmagy başardy.

Ýaryşyň ýarym final duşuşygynda 34 ýaşly Nadal ABŞ-nyň wekili Raýlli Opelkany iki setde 6:4, 6:4 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk jemi 1 sagat 32 minut dowam etdi. Nadal 3 gezek göni urgy bilen utuk aldy we 7 breýk-pointden 2-sini gazanmagy başardy. Amerikaly tennisçi bolsa 5 gezek eýs bilen utuk aldy, ýöne 4 breýk-pointden ýekejesini-de gazanyp bilmedi.
Ýaryşyň ýeňijisi bolmak ugrundaky jemleýji oýunda Nadal Nowak Jokowiç (Serbiýa) - Lorenzo Sonego (Italiýa) duşuşygynyň ýeňijisi bilen oýnar.
Rimdäki "Mastersiň" baýrak gaznasy 2,563,710 ýewro boldy. Ýaryşyň häzirki ýeňijisi - dünýäniň ilkinji raketkasy Nowak Jokowiç.  2020-nji ýylyň finalynda ol 7:5, 6:3 hasabynda argentinaly Diego Şwarsmany ýeňipdi.

düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......