Pablo Pikassonyň kartinasy Nýu-Ýorkdaky auksionda 103 mln dollara satyldy

  • 14.05.2021 20:54
  • 17k+

Pablo Pikassonyň (1881-1973) “Penjiräniň öňünde oturan zenan” (“Mariýa-Tereza”) (1932) işi penşenbe güni Christie’s auksion öýüniň agşamky söwdasynda 103 million dollardan gowrak baha satyldy. Bu barada TASS habar berýär.

Lotuň gutarnykly bahasy 90 mln dollar boldy, ýöne goşmaça tölegleriň ählisini göz öňünde tutup, suratyň geljekki eýesi 103,41 mln dollar tölemeli bolar. Auksion başlamazdan ozal, hünärmenler ömrüniň köp bölegini Fransiýada geçiren ispan suratkeşiniň bu işini 55 mln dollar bilen bahalandyrdylar.
Geçen gezek “Penjiräniň öňünde oturan zenan” 2013-nji ýylyň fewral aýynda auksiona çykarylypdy. Şonda ol Sotheby’s london auksionynda näbelli kolleksionera 28,6 mln funt sterlinge (komissiýa bilen $44,8 mln) satyldy.
Şeýle-de, gollandiýaly impressionist Winsent Wan Goguň (1853-1890) “Trenktaýdaky köpri” suraty 39 mln dollardan gowrak baha satyldy. Christie’s-iň bellemegine görä, Wan Gog bu suraty döredijiliginiň iň öndümli döwründe çekipdir. Bu iş 2022-nji ýyldan 2023-nji ýyl aralygynda Detroýduň sungat institutynda görkeziler.

11.06.2026 13:03
7k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....