Tom Kruz özüne berlen “Altyn globus” baýraklaryny yzyna gaýtaryp berdi

  • 12.05.2021 11:47
  • 16k+

Amerikaly aktýor Tom Kruz özüne berlen “Altyn globus” baýraklaryny yzyna gaýtardy. Munuň esasy sebäbi emin agzalarynyň arasynda jyns dürlüliginiň ýoklugy boldy. Bu barada CNN-e salgylanyp, Sputnik habar berdi.

Dawa "The Los Angeles Times" gazetinde çap edilen film baýragynyň 87 žurnalistden ybarat emin agzalarynyň içinde garaýagyz eminleriň ýokdugy hakyndaky ýazgydan soň ýüze çykypdy. Baýragyň guramaçysy bolan Holliwudyň daşary ýurt metbugat birleşigi (HFPA) bu kemçiligi düzetmäge söz berdi, ýöne köp aktýorlar we şereketler wada berlen çäreleri ýeterlik däl diýip hasapladylar.
Kruz “Altyn globus” baýragyna üç gezek - 1990-njy, 1997-nji we 2000-nji ýyllarda mynasyp boldy. “Altyn globus” baýraklary Oskardan soň ikinji abraýly baýrak hasaplanýar we ol her ýyl gowşurylyp gelinýär.

11.05.2026 11:37
4.4k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.9k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.8k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......