Hünärmen köne smartfonlaryň howply tarapy barada aýtdy

  • 11.05.2021 15:00
  • 18k+

Roskaçestwonyň ​​sanly önümleri synagdan geçirmek boýunça uly hünärmeni köne smartfonlaryň näderejede howply bolup biljekdigini mälim etdi. Bu barada msn.com habar berdi.

Hünärmen bu hakynda "Rossiýskaýa Gazeta" bilen bolan söhbetdeşlikde aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, bu ýerde esasy mesele köne telefonlaryň operasion ulgamynyň täzelenmelerini almagy bes etmegi we haker hüjümlerine garşy ejiz bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Hünärmen wagtyň geçmegi bilen işläp düzüjileriň we ýaman niýetlileriň ulgamda has köp howpsuzlyk «ötüklerini» tapýandygyny aýtdy. Döredijiler olary ýamalar, ýagny halkara söz bilen aýdylanda "paçlar" bilen ýapýarlar. Emma täzelenmeler bolmasa, ulgamdaky "ötükler" şol durşuna galar.
Hünärmen eger-de adam köne smartfony näçe uzak ulansa, onuň kezzaplara garşy şonça-da ejiz boljakdygyny aýtdy. Mundan başga-da, enjamyň işleýiş tizligine zeper ýetýär. Soňabaka gündelik adaty işleri ýerine ýetirmek üçin hem has köp serişde sarp edip başlaýar.
Şeýlelikde, hünärmen smartfon üçin operasion ulgamynyň täzelenmesini alyp durmagyň zerurdygyny nygtady we ony diňe resmi usullar bilen täzelemegi maslahat berdi.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......