Toyota elektrikli «Toyota Land Cruiser-i» tapgyrlaýyn öndürip biler

  • 10.05.2021 19:57
  • 6.5k+

Ýaponiýanyň Toyota awtoulag kärhanasynyň öndürijileri täzelenen elektrikleşdirilen "Land Cruiser SUV"-yň tapgyrlaýyn modele öwrülip biljekdigini inkär etmeýärler. Bu barada carsweek.ru habar berýär.

Häzirki wagtda bu awtoulagyň diňe bir nusgasy bar. Ýöne onuň ýük üçin niýetlenen Land Cruiser 70 şassisindäki synag elektrikli ulagy “Toyota”-nyň Awstraliýadaky bölüminiň hünärmenleri tarapyndan öndürildi. Awtoulag BHP kompaniýasynyň sargydy bilen işlenip düzüldi. Häzirki wagtda ol ýurduň günortasyndaky nikel ýatagynda işlemek üçin işjeň ulanylýar.
Awstraliýaly kompaniýa 2030-njy ýyla çenli bug gazlarynyň zyňyndylaryny 30% azaltmak isleýär. Ähli iş enjamlaryny elektrik çekişine geçirmek bilen, öndürijiler munuň kompaniýanyň ösmegine, ekologiýa taýdan arassaçylygy gazanmaga mümkinçilik berjekdigine ynanýarlar.

şu gün 01:56
1.1k+

Keyvany "Rolls-Royce Cullinan Series II" modelini täzeçe görnüşde çykardy

Germaniýanyň Keyvany awtobezeg ussahanasy täzelenen «Rolls-Royce Cullinan Series II Black Badge» modeli esasynda «Hayula II-niň» ekstremal wersiýasyny taýýarlady. Awtoulag agressiw aerodinamik obwes bilen enjamlaşdyryldy...

şu gün 01:43
532

BYD-niň täze akkumulýatorlary tiz zarýad bermegi we 1000 km-den gowrak ýol ätiýaçlygyny üpjün edýär

BYD hytaý kompaniýasy 2027-nji ýylda aşa berk (solid-state) akkumulýatorly elektromobilleriň köpçülikleýin önümçiligine başlajakdygyny mälim etdi. Täze tehnologiýa bilen ulaglar 1000 km-den gowrak ýol aralygyny geçer hem-de 12 minutdan az wagtda doly zarýadlanar...

şu gün 01:22
906

Euro NCAP 2025-nji ýylyň iň ygtybarly 10 awtoulagyny atlandyrdy. Reýtingde 6 sany hytaý modeli bar

Ýewropanyň Euro NCAP kraş-synag birleşigi 2025-nji ýylyň iň howpsuz awtoulaglarynyň sanawyny täzeledi. Ilkinji onlukdaky modelleriň ýarysyndan gowragy Hytaýyňkydyr. Şeýle hem, sanawda  Tesla, Audi we Polestar bar diýip, Finratings...

düýn 23:56
1.3k+

Volkswagen ID. Buzz-yň dünýä boýunça syýahaty başlandy. Ol Ginnesiň rekordyny goýmaga dalaş edýär

Meşhur awto syýahatçy Raýner Sitlou Volkswagen ID. Buzz elektroweninde dünýä boýunça gezelenje çykdy. Ol syýahatynyň dowamynda 75 ýurda baryp, takmynan 80 müň kilometri geçmegi meýilleşdirýär. Eger syýahat şowly tamamlansa, bu bir ugruň çäginde elektrik ulagynda baryp görlen ýurtlaryň sany boýunça dünýä rekordy bolar...