“Altyn globus” film baýraklarynyň guramaçylary özgertmeler taslamasyny hödürlediler

  • 09.05.2021 19:41
  • 4.5k+

Holliwudyň Daşary ýurt metbugaty assosiasiýasynda täze özgertmeler taslamasy hödürlendi. Bu özgertmeleriň kömegi bilen ýolbaşçylar guramanyň gurluşynyň, edil şonuň ýaly-da işiniň netijeliliginiň ýokarlanjakdygyna ynanýarlar. Bu barada “The Hollywood Reporter” habar berýär.

Ilkinji nobatda, gurama şu ýyl düzümine ýene 20 sany täze agzany goşar. Munda san taýdan az milletleriň wekillerine, hususan-da, garaýagyz žurnalistlere aýratyn orun berler. Bu işde olaryň mundan beýläk-de üstünlik gazanmaklary üçin ýörite şertler dörediler.
Gurama Assosiasiýanyň agzalarynyň sanyny köpeltmek işine täzeden sereder. Özi-de munda diňe garaýagyzlar däl, eýsem, ähli synplarda ýeterlik derejede wekilçilik edilmeýän beýleki toparlardan hem agzalary almak göz öňünde tutýar.
Özgertmeler meýilnamasy žurnalistikadaky jyns dürlüligini goldamak üçin uzak möhletleýin strategiýany döretmegi niýet edinýär. Şeýle hem assosiasiýa köpdürlülige, deňlige we goşulyşmaga gönükdirilen beýleki guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär. “Altyn globusyň” guramaçylary munuň käbir agzalar üçin kyn ädim boljakdygyna düşünýärler, ýöne şeýle-de bolsa, bu özgertmeleriň iňňän zerurdygyna ynanýarlar.

düýn 23:54
729

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
772

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
570

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.4k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....