Alymlar köriçegäniň saglyk üçin peýdalydygyny kesgitlediler

  • 09.05.2021 19:28
  • 14k+

Awstraliýaly alymlar köriçegäniň beden üçin zerurlygyny kesgitlemek maksady bilen ýörite barlag geçirdiler. Netijede, bu organyň gaty bir peýdasyz däldigi ýüze çykaryldy. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Ylmy işiň çäginde barlagçylar birnäçe synaglary geçirip gördüler, bu bolsa köriçege ösüntgisiniň beden üçin nä derejede peýdalydygyny anyklamaga mümkinçilik berdi. Şeýlelik bilen, barlagyň dowamynda syçanlara “Citrobacter rodentium” bakteriýalary ýokuşdyryldy. Netijede, şol syçanlaryň köriçegesi bar bolanlary bu keseli ýeňil görnüşde we kynçylyksyz ýeňip geçendigi anyklandy. Köriçegesiz syçanlar bolsa muny kyn geçirdi, olaryň käbirleri diareýa uçrady we saglyk ýagdaýy erbetleşdi.  Käbirleri bolsa bu keseli ýeňip geçmegi asla başarmady.
Barlagdan soň alymlar köriçegesi bolmadyk adamlaryň hem ýokançlyklara garşy göreşmek ukyby peselýär diýen netijä geldiler.

05.06.2026 17:46
2.3k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.6k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
5.3k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......