Türkmenistandan Hindistana ynsanperwer kömegi iberiler

  • 09.05.2021 16:01
  • 26k+

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanda koronawirus pandemiýasy bilen bagly ýagdaýlaryň çylşyrymlaşýandygyny göz öňünde tutup, türkmen-hindi gatnaşyklarynyň gadymdan gelýän dostlukly gatnaşyklaryndan hem-de türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgelerinden ugur alyp, häzirki mukaddes Oraza aýynda bu dostlukly ýurda ynsanperwer kömegini ibermegi tabşyrdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, ynsanpewer kömek hökmünde ugradyljak önümleriň sanawyny kesgitlemek, şol önümleriň iberilmegini hem-de hyzmatdaş dostlukly ýurduň halkyna guramaçylykly gowşurmagy üpjün etmek tabşyryldy.

şu gün 12:47
1.3k+

Gazagystanly mugallym iki barmakda asylyp durmak boýunça rekord goýdy

Gazagystanyň Petropawlowsk şäherinden bedenterbiýe mugallymy Anatoliý Wiselskiý diňe iki barmagynda 2 minut 7,45 sekunt asylyp durmak arkaly dünýä rekordyny täzeledi. Tengri Sport neşiriniň habar bermegine görä, bu ajaýyp netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi...

şu gün 12:40
272

Herbert Wellsiň "Körleriň ýurdy" atly eseri esasynda surata düşürilen filmde Gael Garsiýa Bernal baş keşpleriň birini janlandyrar

XX asyryň başlaryndaky nusgawy fantastika täze formatda ekrana gaýdyp gelýär. Herbert Wellsiň ilkinji gezek 1904-nji ýylda çap edilen "Körleriň ýurdy" atly gysga hekaýasy "Kölegeler jülgesinde" filminiň esasyny düzýär...

şu gün 12:33
567

Italiýa 30 million ýewro Karawajonyň eserini satyn aldy. Onda kimiň keşbi bar?

Italiýa döwleti XVII asyryň meşhur suratkeşi Karawajonyň (Mikelanjelo Merizi) galamyndan çykan «Monsinýor Maffeo Barberininiň portreti» atly eserini 30 million ýewro satyn aldy. Takmynan 1598-nji ýylda çekilen bu polotno, hünärmenleriň pikiriçe, ýurduň aýry-aýry sungat eserine eden iň uly maýa goýumlarynyň biri boldy...

şu gün 11:47
256

Netflix «Keý-pop arwah awçylary» multfilminiň dowamyny düşürer

«Keý-pop arwah awçylary» (Кей-поп-охотницы на демонов) atly meşhur multfilmiň dowamy surata düşüriler. Bu barada Netflix striming platformasynyň we Sony studiýasynyň metbugat gullugy habar berdi. Multfilmiň dowamynyň 2029-njy ýylda çykmagyna garaşylýar...