FIFA futbolda aýlyk haklaryna çäk girizmek pikirini maslahatlaşýar

  • 08.05.2021 14:31
  • 8.7k+

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino futbolda näme üçin reformalaryň zerurdygyny düşündirdi. Bu barada metaratings.ru habar berýär.

“21-nji asyrda köp klublaryň maliýe ýagdaýy ýaramazlaşdy. Olar köp bergi sebäpli betbagtçylyga sezewar boldular. Şu sebäpli-de kämil däl, ýöne dünýä futboly üçin zerur bolan maliýe feýr-pleý (“adalatly oýun”) düzgünleri girizildi. Bu täze düzgünler gowy netije berdi. Şol düzgünlere laýyklykda, klublar gazançlaryndan has köp çykdajy etmeli däldir. Infrastruktura çykdajylary hasaba alynmaýar. Biz maliýe feýr-pleý futboly halas etdi diýip bileris.

Häzir biz transfer ulgamyny gözden geçirýäris, klublara we oýunçylara kömek bermegiň wagty geldi. Biz aýlyk haklaryna, transfer töleglerine we agentlere tölenýän töleglere çäk girizmegi çynlakaý ara alyp maslahatlaşýarys. Biz doly aýdyňlygy üpjün etmeli” – diýip, Infantino aýtdy.
Şeýle ulgam sportuň beýleki görnüşlerinde eýýäm hereket edýär. Mysal üçin, hokkeýde. Belläp geçsek, Milli hokkeý ligasynda aýlyk haklarynyň resmi çägi 81,5 mln dollar.
Infantino UEFA-da 2000-nji ýylda işläp başlady, 2009-njy ýyldan 2016-njy ýyl aralygynda guramanyň baş sekretary boldy. 2016-njy ýylyň 26-njy fewralynda FIFA-nyň prezidenti hökmünde saýlandy, 2019-njy ýylyň tomsunda bolsa ikinji möhlete saýlandy.

düýn 14:53
7k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
8.3k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.7k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....