Saud Arabystanynda Stounhenjden gadymy ýüzlerçe bina tapyldy

  • 02.05.2021 23:59
  • 23k+

Saud Arabystanynyň demirgazyk-günbatar böleginde gadymy desgalar tapyldy. Deslapky sene olaryň ýedi müň ýyldan gowrak ozal döredilendigini görkezdi. Eger arheologlaryň çaklamasy tassyklansa, onda bu desgalar Müsürdäki piramidalardan we Stounhenjden hem gadymy bolar. Açyş baradaky maglumaty “New Scientist” çap etdi diýip, planet-today.ru habar berýär.

Ilkinji gezek bu ýerde gadymy binalaryň gönüburçly yzlary 50 ýyl mundan ozal tapylyp başlandy. Ýakynda Günbatar Awstraliýa uniwersitetiniň hünärmenleri bu tapyndylary düýpli öwrenmek kararyna geldiler. Örän gadymy binalaryň yzlary bellenilen ähli ýerler howadan gözden geçirildi. Tas iki ýüz müň inedördül kilometr meýdanda gadymy binalaryň köp sanly yzlary tapyldy.
Olar uly çäge daş böleklerinden ýasalypdyr. Mustatiller diýlip atlandyrylan binalaryň uzynlygy 20-den 600 metre çenli ýetýär. Ýöne olaryň beýikligi 1,2 metrden geçmeýär. Şundan hem binalaryň ýaşaýyş jaýlary bolmandygy baradaky netijä gelindi. Alymlar olar ýa-ha giňişligi çäklendiripdir, ýa-da dini binalar bolupdyr diýip hasaplaýarlar.
Mustatilleriň köpüsiniň diwary bar, olaryň içinde bolsa bir tarapynda beýiklik, beýleki tarapynda girelgeler bolan howly bar. Mustatilleriň birinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri platformanyň merkezinde iri şahly mallaryň şahlarynyň we kelle süňküniň bölekleri bolan otagyň bardygyny görkezdi. Alymlar bu binalaryň däp maksatlary bilen ulanylandygyny çaklaýarlar.
Süňkleriň radiouglerod analizi olaryň b.e. öňki 5300-5000-nji ýyllara degişlidigini görkezýär. Eger bu sene dogry bolsa, onda mustatiller Stounhenjden 2500 ýaş uludyr.

şu gün 10:10
3.4k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

şu gün 09:29
2.7k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

düýn 22:06
861

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

düýn 20:58
8k+

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....