Ajöze kofe içmek peýdalymy

  • 02.05.2021 18:33
  • 30k+

“Daily Mail” neşiri b­erhiz lukmany Ketrin ­Kelliniň ajöze kofe i­çmegiň howpuny ýüze ç­ykaran işi barada mak­alasyny çap etdi. Bu bara­da msn.com habar berd­i.

Hünärmeniň pikiriçe, ­irden kofe içmek bile­n bedeniň işjeňligi h­emişe ýokarlanyp barm­aýar. Mundan başga-da­, onuň aýtmagyna görä­, käwagt bu içgi ters­ täsir edip, öňküden ­hem beter ukyňy getir­ip biler. Şonuň üçin,­ iň gowusy kofeni uku­dan oýananyňyzdan soň­ ýarym sagatdan gijik­dirmän içmelidir.

Şol bir wagtyň özünde­ ajöze kofe içmek zyý­anlydyr. Sebäbi ol iç­eniňden soň birnäçe s­agadyň dowamynda gand­aky şeker derejesiniň­ ýokarlanmagyna getir­ip biler.

“Ýöne ertir­lik naharyndan soň ko­fe içseňiz, ganyň şek­eri ýokarlanmaz. Erti­rlik naharyndaky gök ­önüm süýümleri we bel­oklar muňa päsgel ber­er"-diýip, lukman nyg­taýar.

düýn 20:08
1k+

Google emeli aňyň kömegi bilen düwnük keseline garşy derman taýýarlaýar

Alphabet holdinginiň düzümine girýän Isomorphic Labs kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryny ulanyp, düwnük keseline garşy derman serişdesini işläp taýýarlaýar. Bu barada Fortune neşiri habar berýär. Kompaniýanyň...

08.07.2025 17:33
2.7k+

Jons Hopkins uniwersitetiniň emeli aňy ýüregiň birden durmak howpuny 93%-e çenli takyklyk bilen anyklaýar

Jons Hopkins uniwersitetiniň alymlary ýüregiň birden durmak howpuna degişli alamatlary ýokary takyklyk bilen ýüze çykarýan emeli aň algoritmini işläp düzdüler. Model hassalaryň doly lukmançylyk maglumatlaryny, şol sanda öňki ýürek MRT (magnit-rezonans tomografiýa) barlaglaryny hem seljerýär we ölüm howpuny ýokarlandyrýan dokumanyň, ýagny fibrozanyň bardygyny-ýokdugyny kesgitleýär...

08.07.2025 10:34
2.5k+

Astrahanda hroniki ýaralary, başlary we ýanyklary bitirmek üçin täze gel döredildi

Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ylmy barlagçylary hroniki ýaralaryň bitmegini tizleşdirýän geli döretdi. Täze serişde zeper ýeten ýerlerde ganyň aýlanmagyny gowulandyrmak arkaly täsir edýär. Bu bolsa bitmeýän ýaralary, ýanyklary we ýatmakdan hamyň ölen ýerlerini bejermekde möhüm ähmiýete eýedir...

06.07.2025 20:51
13k+

Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine we Aşgabadyň lukmançylyk edaralaryna iş saparyny amala aşyrdy

5-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Uçuşyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabadyň çäklerinde bar bolan we täze gurulýan saglyk merkezleriniň ýagdaýy, olaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň derejesi bilen tanyşdy...