Haýsy endikler berhizsiz hem türgenleşiksiz horlanmaga kömek edýär?

  • 01.05.2021 23:21
  • 18k+

«SPORT24» neşiri horlanmak üçin surnukdyryjy berhiz tutmagyň we irginsiz türgenleşmegiň hökman däldigini belleýär.

Horlanmaga başlamak üçin köpräk suw içmegi endik etmeli, sebäbi ol metabolizmi çaltlaşdyrýar we açlyk duýgusyny peseldýär.  Mundan başga-da, ol bedendäki artykmaç suwlardan dynmaga kömek edýär.
Horlanmaga kömek edýän endikleriň ýene biri — ýöremek. Boş wagtlaryň pyýada ýöremegiň, liftden peýdalanmagy çäklendirmegiň we awtoulagyňy öýden uzakda goýmagyň peýdaly boljakdygy bellendi.
Şeýle hem, awtorlar ertirlik naharynyň ähmiýetine ünsi çekýärler. Günüň aglaba böleginde bedeni zerur energiýa bilen üpjün etmegi üçin gowy ertirlik edinmeli. Şol bir wagtyň özünde, sarp edilýän duzuň mukdaryny azaltmaly. Sebäbi duz bedende suwuň saklanmagyna ýardam edip, aşa köp agramyň ýygnanmagyna getirýär.
Agramy azaltmak üçin agşamlyk naharyny öte giç iýmegi bes etmeli - iň soňky nahary ýatmazdan azyndan üç sagat öň iýmek maslahat berilýär.  Awtorlar süýjülikleri miwe bilen çalşyp, iýmitiň düzümine gök önümleri goşmagy maslahat berýärler. Gündelik kadaly we ýeterlik uky hem horlanmaga kömek edip biler.

şu gün 18:22
1.3k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

şu gün 17:00
1.3k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
3.9k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.3k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....