Iri kompaniýalar türkmen ykdysadyýetine maýa goýmak üçin konsorsiuma birleşerler

  • 29.04.2021 15:06
  • 12k+

28-nji aprelde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wideomaslahat görnüşinde «ARETI» (Şweýsariýa) halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow, «King&Spalding» hukuk kompaniýasynyň baş direktory hem-de hyzmatdaşy Endrýu Hruska, «Rizvi Traverse Management LLC» kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi, «Legacy» maliýe kompaniýasynyň baş direktory, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň prezidentiniň geňeşçisi Ýewgeniý Frenkel bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşyga gatnaşýan kompaniýalaryň ýolbaşçylary depginli ösýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanmalaryny tassyklap, döwlet Baştutanyny dürli pudaklarda ýöriteleşen holdingleriň alyp barýan işleri we dünýäniň ençeme ýurdunda iş alyp barmakda toplan uly tejribeleri bilen tanyşdyrdylar.
Milli ykdysadyýetiň görkezijileriniň sazlaşykly ösmeginiň ýurdumyzyň ägirt uly serişde kuwwatynyň beýleki döwletler hem-de iri abraýly holdingler tarapyndan özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam edýändigine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe anyk teklipler beýan edildi.
Türkmen Lideri teklipleri üçin minnetdarlyk bildirip, şol teklipleriň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýändigini nygtady hem-de türkmen tarapynyň hödürlenen taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň meseleleriniň üstünde konsorsium bilen işe girişmäge taýýardygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany taslamanyň amala aşyrylmagyna ýardam bermek maksady bilen, baglanyşdyryjy halka we hyzmatdaş hökmünde “ARETI” kompaniýasyny teklip etdi. Bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk dürli taslamalarda 25 ýyldan gowrak wagt bäri amala aşyrylýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow taslamany işläp düzmek we şertnamalaýyn resminamalary taýýarlamak üçin degişli ýolbaşçylara düzümine ugurdaş döwlet edaralarynyň wekilleri girjek iş toparyny döretmegiň tabşyryljakdygyny belläp, nobatdaky duşuşykda bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleriň kesgitleniljekdigini aýtdy.
Duşuşygyň barşynda Igor Makarow ýolbaşçylyk edýän işewürlik düzüminiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna pul serişdelerini geçirmegi maksat edinýändigini aýtdy.

düýn 22:17
681

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
2.8k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
1.9k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 14:16
3.5k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....