Gurbanguly Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

  • 29.04.2021 14:03
  • 19k+

28-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Goňşy döwletiň Baştutany söhbetdeşligiň başynda türkmen Liderine öwezini dolup bolmajak ýitgi — kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly özüniň çuňňur duýgudaşlygyny ýene-de bir gezek beýan etdi hem-de ähli gazagystanlylaryň tüýs ýürekden gynanjyny ýetirdi.
Iki döwletiň Baştutanlary türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ynanyşmak häsiýetiniň gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen birlikde, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kemala getirmäge mümkinçilik berjekdigi barada bir pikiri beýan etdiler.
Ylym we bilim ulgamynda soňky ýyllarda ýola goýlan ýakyn hem-de netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine mundan beýläk-de uly üns berler, munuň şeýle bolmagyna köp babatda goňşy ýurtlaryň halklarynyň taryhy umumylygy, medeni we ruhy däpleriniň ýakynlygy ýardam berýär.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

düýn 22:54
664

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......