Liwan özüniň ilkinji elektrokaryny hödürledi

  • 29.04.2021 09:50
  • 9.8k+

Liwanyň paýtagty Beýrutda doly derejede ýurduň içinde taýýarlanan täze Quds Rise elektrokary görkezildi. Elektromobil bir ýylyň içinde bazarda peýda bolar. Quds Rise elektrokaryny işläp düzmek bilen EV Electra kompaniýasy meşgullandy. Bu barada tarantas.news habar berýär.

Elektrokaryň ady Ierusalimiň arap adyndan gelip çykýar, awtomobiliň öň tarapy bolsa yslamyň üçünji möhüm ybadathanasy bolan Ierusalimdäki Al-Aksa metjidi toplumynyň ybadathanasy – Gaýa Gümmeziniň şekiline eýe.
Quds Rise elektromobili 50 kilowat/sag batareýa bilen iýmitlenýän bir yzky elektrik motor (160 at güýji) bilen hereket edýär. Ol 1100 kg agram bilen duran ýerinden 100 km/sag çenli 5 sekundyň içinde bat alýar we bir gezek zarýadlanma bilen 450 kilometre çenli aralygy geçip bilýär. Onuň iň ýokary tizligi sagatda 165 km.
Täze elektromobiliň iki oturylýan ýeri we diagonaly 15,9 dýuým bolan sensor ekranly media ulgamy bar. Geljekki alyjylara saýlama üçin kuzowyň 7 reňki we salon bezeginiň 6 görnüşi hödürlener. Elektromobiliň önümçiligini şu ýylyň ahyryna çenli Liwanda ýola goýmak meýilleşdirilýär. Onuň meýilleşdirilen önümçilik mukdary 10 müň nusgadyr.
Kompaniýanyň resmi saýtyna görä, EV Electra ulaglaryny Germaniýada, Daniýada, Kanadada, Palestinada we Iordaniýada satmakçy bolýar. Liwanyň özünde awtobazar çökgünlige düşdi: 2021-nji ýylda bary-ýogy 62 awtomobil satmak başartdy, bu geçen ýyla garanda, 97% azdyr.

şu gün 12:41
284

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

düýn 10:57
2.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

düýn 09:51
2.2k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

31.05.2026 16:54
4.3k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....