Ukraina Çernobyl zolagyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak isleýär

  • 29.04.2021 10:47
  • 10k+

Ukrainanyň Medeniýet we maglumat syýasaty ministrligi Çernobyl zolagyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmegiň üstünde işleýär. Bu barada medeniýet ministri Aleksandr Tkaçenko habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Biz Medeniýet we maglumat syýasaty ministrligi bilen bu zolagy gorap saklamak üçin ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmegiň ugrunda hereket edýäris. Geljekki nesilleriň ony diňe taryh boýunça kitap sahypalaryndan ýa-da dokumental lentalardan däl, eýsem, gözleri bilen görüp bilmegine mümkinçilik döretmek isleýäris” – diýip, Tkaçenko Telegram kanalynda belledi.
“1986-njy ýylyň 26-njy aprelinde bolan partlama ýüzlerçe müň adamlar üçin aýgytlaýjy boldy. Her ýyl ýüzlerçe müň adam Ukraina ahyrzamandan soňky filmi surata düşürmegiň meýdançasy ýaly bolup görünýän, ýöne bezeg bolmadyk bu zolagy görmäge gelýär. Bir wagtlar ýaşaýyş gaýnap joşan ýerler indi takrap galdy” – diýip Tkaçenko sözüniň üstüni ýetirýär.

Belläp geçsek, geçen ýyl Çernobyl zolagynda ilkinji welosiped ýoly peýda boldy. Ýat bolan zolagy dolandyrmak boýunça Ukrainanyň döwlet gullugy welosiped ýolunyň bu zolaga gelýänlere Çernobyl goraghanasynyň täsin dünýäsini görmäge mümkinçilik berer diýip umyt edýär. Ýoluň umumy uzynlygy 45 km-den gowrak.
Duşenbe güni Çernobyl atom elektrik stansiýasynyň dördünji elektrik blogunda bolan heläkçilige 35 ýyl doldy.

şu gün 22:19
236

Gyrgyzystan bikanun ýaşaýan daşary ýurtlular üçin jerimeleri wagtlaýyn ýatyrýar

Gyrgyzystanda 2026-njy ýylyň 1-31-nji iýuly aralygynda migrasiýa düzgünlerini bozan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin wagtlaýyn «ýaşyl koridor» dörediler. Bu hakyndaky degişli permana......

şu gün 19:31
581

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

şu gün 15:52
6.6k+

Pekinde ýeňil uçar iň beýik gökdirän binany baryp urdy

Ýeňil motorly sport uçary Pekiniň iň beýik binasy bolan China Zun (Çaýna-Szun) binasyna uruldy. Bu wakadan soň bina doly ewakuasiýa edildi diýip, «South China Morning Post» neşiri habar berýär....

şu gün 12:00
2.9k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....