Türkmenistan gazanýan üstünliklerini, milli gymmatlyklaryny wagyz etmek boýunça işleri işjeňleşdirer

  • 28.04.2021 13:56
  • 20k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini, syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda tabşyryklary berdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda bellenilip geçildi.

Maslahatyň barşynda wise-premýer M.Mämmedowanyň habar bermegine görä, tassyklanan meýilnama laýyklykda, Aziýanyň merjen şäheri hasaplanylýan paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli dürli bäsleşikler, sergiler, sanly ulgam arkaly halkara çäreler, maslahatlar geçirilýär. Metbugat neşirlerinde, teleradioýaýlymlarda, internet saýtlarynda Aşgabat şäherini wasp edýän wideogörnüşler, makalalar, fotosuratlar ýerleşdirilýär, şeýle hem olary daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ulgamyň düzümlerinde işgärleri seçip almaga we olaryň hünär taýdan taýýarlanylmagyna möhüm üns berilmelidigini belledi. Şanly senelere, taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän döwletimiziň we medeniýetimiziň ösüşine bagyşlanan döwrebap gepleşikler hem-de makalalar taýýarlanylmalydyr diýip, Prezident belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeler berdi.

şu gün 00:03
1.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
476

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
994

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......