Britaniýa Hindistana gyssagly kömek iberdi

  • 28.04.2021 11:56
  • 21k+

Beýik Britaniýanyň hökümeti Hindistana koronawirus epidemiýasyna garşy göreşmäge kömek etmek üçin lukmançylyk enjamlaryny, şol sanda öýkeniň emeli howalandyrylmasy üçin enjamlaryň toplumyny iberdi.

Bu barada Birleşen Korollygyň Daşary işler ministri Dominik Raab özüniň Twitter sahypasynda habar berdi. Muny Day.Az ýetirýär.

“Şu gün biz Hindistandaky dostlarymyza janyny halas etmek we COVID-19-yň agyr formasy bolan hassalara kömek etmek üçin ulanylmadyk lukmançylyk enjamlarynyň birnäçe toplumynyň ilkinjisini gyssagly iberdik. Biziň ählimiz howpsuz ýagdaýda bolýançak, hiç birimiz hem rahat bolup bilmeris” – diýip, ministr ýazdy.

Öň britan hökümetiniň ýolbaşçysy Boris Jonson Hindistana ýurduň çäginde wirusyň ýaýramagynyň ýokarlanýan depgini we bu kesele garşy göreşmek üçin serişdeleriň ýetmezçiligi bilen baglanyşykly goldaw bermäge wada berdi. Britan kömeginiň ilkinji toplumy bilen hindi häkimiýetleri 495 kislorod konsentratoryny, şeýle-de inwaziw däl öýkeniň emeli howa täzelenmesi üçin 120 enjamy alar.
Ýatlap geçsek, Hindistan ýüze çykarylan koronawirus ýagdaýynyň sany boýunça dünýäde ikinji orny eýeleýär. Ýurduň häkimiýetleri ilaty COVID-19-a garşy sanjym almaga çagyrýar.

düýn 23:49
268

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....