Geçen ýyl dünýäniň jemi içerki önüminde syýahatçylygyň paýy iki esse azaldy

  • 27.04.2021 14:56
  • 4.7k+

2019-njy ýylda syýahatçylyk pudagynyň ählumumy jemi içerki önüme goşandy 10,4% bolupdy, 2020-nji ýylda bolsa koronawirus pandemiýasy sebäpli, ol 5,5%-e çenli azaldy diýlip, Bütindünýä syýahatçylyk geňeşiniň (WTTC) «Oxford Economics» bilen bilelikde taýýarlanan hasabatynda aýdylýar. Bu barada tourism.interfax.ru habar berýär.

Hasabat pandemiýanyň 185 ýurtda we dünýäniň 25 geografiki ýa-da ykdysady sebitinde syýahatçylyga ýetiren täsirini öz içine alýar.

“2019-njy ýylda syýahatçylygyň dünýä ykdysadyýetine goşan goşandy 10,4%-e ýa-da 9,2 trln dollara barabar boldy. 2020-nji ýylda bu pudak tas 4,5 trln dollar ýitirdi, onuň dünýä JIÖ-ne goşandy 49% azaldy. Şol bir wagtyň özünde, dünýä ykdysadyýetiniň umumy haýallamagy 3,7% boldy” – diýlip, hasabatda aýdylýar.

Pandemiýadan öň dünýädäki her dördünji täze iş orny we ähli iş orunlarynyň 10,6%-i (334 mln) halkara syýahatçylygynyň paýyna düşýärdi.

“2020-nji ýylda syýahatçylyk pudagynda iş orunlarynyň sany tas 62 mln ýa-da 18,5% azaldy. Häzir olaryň bu pudakdaky sany 272 mln. Alnan maglumatlara görä, 2020-nji ýylda syýahatçylaryň öz ýurtlaryna syýahat etmek üçin çykdajylary 45%, daşary ýurtlara gezelençleriň dowamyndaky çykdajylary bolsa 70%-e çenli azaldy” – diýlip, hasabatda getirilýär.

06.07.2025 20:05
13k+

77 ýaşly amerikaly aýal öýüni satyp, syýahatçylyk gämisinden 15 ýyllyk ýer satyn aldy

Kaliforniýanyň 77 ýaşly ýaşaýjysy Şeron Leýn öýüni satyp, Villa Vie Odyssey kruiz gämisinde ýaşamaga göçdi. Ol bu ýerde geljek 15 ýyly geçirmegi meýilleşdirýär. Onuň wakasyny NBC Los Angeles we CNN gürrüň berdi...

04.07.2025 12:09
19k+

Donald Trampyň gyzy kaşaň dynç alyş zolagyny gurmak üçin, Albaniýada ilatsyz adany satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidentiniň gyzy Iwanka Tramp bilen onuň ýoldaşy Jared Kuşner Albaniýadaky Sazani adasyny satyn aldy. Olar öňki sowet harby bazalarynyň ýerleşýän ýerinde 1,4 mlrd dollarlyk kaşaň dynç alyş zolagyny gurmagy meýilleşdirýärler diýip, «Daily Mail» ýazýar...

04.07.2025 12:05
11k+

21 ýaşly britaniýaly aýal ýekelikde Atlantika ummanyny kürekläp ýüzüp geçip, Ginnesiň rekordyny goýdy

Beýik britaniýaly 21 ýaşly Zara Lahlan Atlantika ummanynyň üsti bilen Ýewropadan Günorta Amerika çenli ýekelikde ýüzüp geçen taryhda ilkinji aýal boldy. Şeýle hem ol kesekiniň kömegi bolmazdan we ýolda saklanmazdan, şeýle syýahaty amala aşyran iň ýaş zenandyr diýip, Ginnesiň rekordlar kitaby habar berýär...

30.06.2025 19:24
6.7k+

Blue Origin kosmosa 6 syýahatçy iberdi. Indi orbita 750 adam çykyp gördi

Blue Origin kompaniýasy ýolagçylar bilen 13-nji suborbital uçuşyny üstünlikli geçirdi. Bortunda alty syýahatçy bolan New Shepard raketasy 29-njy iýunda ABŞ-nyň merkezi wagty (CDT) bilen 9:39-da Günbatar Tehasdaky Launch Site One meýdançasyndan uçuşa başlady...