“Mançester Ýunaýtediň” eýeleri kluby 4,6 mlrd ýewro satmak kararyna geldiler

  • 26.04.2021 23:56
  • 12k+

“Mançester Ýunaýtediň” eýeleri iňlis klubunyň satuw bahasyny kesgitlediler diýip, “Irish Mirror” neşiri habar berýär. Muny prostoprosport.ru ýetirýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, işewür doganlar Joel bilen Awram Gleýzer başlangyç satuw bahasyny 4,6 mlrd ýewro möçberinde bellediler. Eýeleriniň özleri “Mançester Ýunaýtedi” 2005-nji ýylda 790 mln funta (910 mln ýewro) satyn alypdylar.
“Mançester” täze ýaryşa giren Angliýanyň Premýer-ligasynyň alty klubunyň hataryndady. Ýöne birnäçe günden soň janköýerler, oýunçylaryň özleri we britan hökümeti tarapyndan köp sanly garşylyklaryň we tankytlaryň bolmagy sebäpli, ol täze ýaryşdan çykdy.
Klub 2012-nji ýyldan bäri Nýu-Ýork fond biržasynda söwdalaşýar, ýöne Gleýzerler paýnamanyň dolandyryş bukjasyny saklaýarlar. Super liganyň taslamasynda esasy şahsyýetleriň biri bolan klubuň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ed Wudword 2021-nji ýylyň ahyrynda “Ýunaýteddäki” wezipesinden aýrylar.

 

düýn 23:00
895

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......