“Mançester Ýunaýtediň” eýeleri kluby 4,6 mlrd ýewro satmak kararyna geldiler

  • 26.04.2021 23:56
  • 11k+

“Mançester Ýunaýtediň” eýeleri iňlis klubunyň satuw bahasyny kesgitlediler diýip, “Irish Mirror” neşiri habar berýär. Muny prostoprosport.ru ýetirýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, işewür doganlar Joel bilen Awram Gleýzer başlangyç satuw bahasyny 4,6 mlrd ýewro möçberinde bellediler. Eýeleriniň özleri “Mançester Ýunaýtedi” 2005-nji ýylda 790 mln funta (910 mln ýewro) satyn alypdylar.
“Mançester” täze ýaryşa giren Angliýanyň Premýer-ligasynyň alty klubunyň hataryndady. Ýöne birnäçe günden soň janköýerler, oýunçylaryň özleri we britan hökümeti tarapyndan köp sanly garşylyklaryň we tankytlaryň bolmagy sebäpli, ol täze ýaryşdan çykdy.
Klub 2012-nji ýyldan bäri Nýu-Ýork fond biržasynda söwdalaşýar, ýöne Gleýzerler paýnamanyň dolandyryş bukjasyny saklaýarlar. Super liganyň taslamasynda esasy şahsyýetleriň biri bolan klubuň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ed Wudword 2021-nji ýylyň ahyrynda “Ýunaýteddäki” wezipesinden aýrylar.

 

şu gün 13:41
1.5k+

Myhmanlar üstün çykdy: Ýewropa ligasynyň ilkinji pleý-off oýunlary nähili geçdi?

19-njy fewraldan 20-ne geçýän gije Ýewropa ligasynyň pleý-off (utulan-çykdy) tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Bu tapgyr aýratyn-da myhmançylykda oýnan toparlar üçin şowly boldy: birnäçe klub möhüm ýeňişleri gazanyp, 1/8 finala çykmak üçin gowy mümkinçilik gazandylar...

şu gün 10:24
780

«Arsenal» Bukaýo Saka bilen şertnamany 2031-nji ýyla çenli uzaltdy

Hüjümçi Bukaýo Saka «Arsenal» bilen şertnamasyny 2031-nji ýyla çenli uzaltdy. Bu barada London klubunyň resmi saýty habar berýär. Mundan ozal metbugatda täze şertnamanyň iňlis oýunçysynyň zähmet hakyny ep-esli ýokarlandyrjakdygy we wingeriň Ýewropanyň iň gowy oýunçylarynyň biri hökmünde statusyny tassyklaýandygy barada maglumatlar peýda boldy...

düýn 21:33
3.5k+

WBC boks boýunça dünýä çempionlaryna beriljek zynjyr bilen kulony görkezdi

Bütindünýä boks geňeşi (WBC) çempionlyk ýüzüginiň yzy bilen 2026-njy ýylyň WBC dünýä çempionatynyň esasy wakasyna bagyşlanan zynjyr bilen kulony hödürledi. Bu şaý-sepiň dizaýny WBC-niň ýaşyl boks elligi görnüşinde ýerine ýetirildi we ak altyndan ýasalyp, 800-den gowrak daşda ýerleşdirilen umumy agramy 18,9 karat töweregi zümerret we göwher daşlary bilen bezeldi...

düýn 17:30
5.6k+

Islam Mahaçew dünýäde sambonyň ilçisi boldy

Garyşyk söweş sungaty boýunça russiýaly türgen Islam Mahaçewe «Dünýäde sambonyň ilçisi» diýen hormatly at berildi. Bu barada Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) metbugat gullugy habar berýär. Dabara Moskwada, Lužnikidäki Halkara sambo merkezinde geçirildi...